346995162727423 THE ASHGABAT TIMES

Wagt – esasy gymmatlykdyr!

21.01.2025

Wagt – öwezini dolduryp, yzyna gaýtaryp, täzeläp, saklap we satyn alyp bolmaýan gymmatly baýlykdyr. Ýerine ýetiriljek her bir möhüm iş üçin wagt gerekdir. Wagt – öňde goýan maksatlarymyzyň esasy özenidir.
Wagtdan alanyň özüňkidir. Adam tarapyndan gadrynyň bilinmeýän närsleriniň biri hem wagtdyr. Wagt, kä çalt, käte hem ýuwaş geçýär. Şol sebäpli hem wagty obýektiw (hakyky) we subýektiw (çak edilen, pikir edilen) wagt hökmünde kabul edýärler. Isleg bir işiň hötdesinden gelmek üçin gereklidir, emma gutarmak üçin bolsa – başlamak gereklidir. «Wagtyň» gymmatyna düşünmek we ony ýerlikli peýdalanmak maksadyňa ýetmekde iň uly basgançaklaryň biridir. Hut şu nukdaýnazardan, bu babatda uly üstünlige ýeten käbir meşhur adamlaryň ýaşlara berýän gymmatly sözleri:
— Günüň haýsy wagtynda önjeýli işleýändigiňizi biliň! Şunlukda, şol wagtyňyzy has möhüm hasaplaýan işleriňize sarp ediň!
— Senenamaňyza aýratyn möhüm hasaplaýan tabşyryklaryňyzy belläp goýuň! Bu size wagt babatynda has-da tygşytly bolmagyňyza ýardam eder hem-de öňüňizde goýan maksatlaryňyza ýetmekde çynlakaý çemeleşmäge itergi berer.
— Gerek ýerinde «ýok» diýmegi başaryň. Wagtyňyzy edil sanalgy duran serişdäňiz hökmünde kabul ediň!
— Özüňize çäk goýuň! Muny hatda ýakynlaryňyza hem düşündirmäge çekinmäň! Goý, olar siziň günüň haýsydyr bir böleginde täze taslamaňyzyň üstünde işleýändigiňizi ýa-da şular ýaly möhüm iş bilen meşgullanýandygyňyzy bilsinler.
— Telewizor, telefon ýa-da internet ýaly serişdelere baglanmakdan ägä boluň! Olary diňe belli bir maksada görä, özüňizi kämilleşdirmäge gönükdiriň we bu serişdelere çäk goýmak endigini ediniň!
— Senenama boýunça öňüňizde goýan maksatlaryňyza ýeten ýagdaýyňyzda özüňize hoşallyk bildirmegi unutmaň!

Kasymdurdy DURDYÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
Derya Soysal
Öňki taryh

Döwletjan Ýagşymyradow: Türkmenistanyň adyndan wekilçilik edýändigime buýsanýaryn

original 1611b5c0530987 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Energetika pudagy ösüşleriň ýolunda

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop