Dark
Light
03.01.2026
1569682877 THE ASHGABAT TIMES

Ýurdumyz ägirt uly ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar

17.02.2025

Ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alan ägirt uly gurluşyklar berkarar Watanymyzyň diňe bir ykdysady kuwwatynyň däl, eýsem, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň aýdyň görkezijisidir. Iri özgertmeleriň döredijilik nyşany bolan Aşgabat dünýäniň iň gözel we amatly şäherleriniň biri, Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilendir.

Ajaýyp ýadygärlikleri we gaýtalanmajak binagärlik çözgütleri bilen hemmeleri haýrana goýýan ak mermerli paýtagtymyzyň ösdürilmegi döwlet ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir.

Her ýyl ýurdumyzyň baş şäheriniň üsti açylyp ulanmaga berilýän binalar bilen ýetirilýär. Bu desgalar okgunly ösýän döwletimiziň häzirki döwrüniň ajaýyp nyşanlaryna öwrülýär. Ýerli gurluşykçylaryň — döwlet we hususy kärhanalaryň täze desgalaryň gurluşygyna gatnaşmaklary olaryň daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşýändiklerini görkezýär. Olar şeýle işleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de üstünlikli amal edýärler.

Täze şähere halkara baýraklaryň we güwänamalaryň gowşurylmagy hem gazanylan üstünlikleriň güwäsidir. Ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek täze taryhy döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir şäherlerde däl, eýsem, oba ýerlerindäki ilatyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Senagatlaşmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek ýoluna düşen döwletimiz içerki bazary ýerli çig mallaryň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berýär.

Wekilberdi ORAZGELDIÝEW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

i 9 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaş nesilleriň sagdynlygy – geljegimiziň aýdynlygy

i 10 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sport – saglygyň daýanjy

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop