Dark
Light
10.01.2026
i 31 THE ASHGABAT TIMES

Bahar paslynyň soltany Nowruz baýramy

17.03.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen güneşli Watanymyzda toýlar toýa, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Gözbaşyny irki döwürden alyp gaýdýan, pasyllaryň soltany bahar paslynda bellenilýän Nowruz baýramy Gündogaryň beýleki halklary bilen birlikde türkmen iliniň hem uludan tutýan toýlarynyň biridir.

2010-njy ýylda Birleşen milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy her ýylyň mart aýynyň 21-ine Halkara Nowruz güni  diýip yglan etmek baradaky Karar kabul etdi. Bu baýramçylyk Gündogar halklarynyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmaga uly goşant goşýar.

Bahar hemişe tebigatyň janlanmagy bilen baglanyşdyrylypdyr, ol täzelenşiniň üýtgewsiz nyşany bolmak bilen, şatlyk we tebigata janlanyş getiripdir. Nowruz iň gadymy döwürden bäri belli bolan täze ýyl baýramydyr. Mukaddes «Awesta» kitabynda ol täze ýylyň başynyň ýazky gije-gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýändigi barada bellenilýär. Şonuň üçin bolsa gerek «Ýylyň nähili boljakdygy  Nowruzdan görüner» diýen pähim öňden bellidir. Nowruzyň öňi syrasynda ot ýakylyp, ondan obanyň ilatynyň ählisi böküp geçip, günälerini ýuwupdyrlar. Nowruzda esasan ösümliklerden taýýarlanylan tagamlary iýipdirler. Et we süýjilikler goşulan tagam uly gazanlarda bişirilipdir. Baýramçylyk saçaklarynyň başyna, şol gün öýe gelenleriň ählisi geçipdirler.

Halkara Nowruz baýramyny bellemek däbi bize ata-babalarymyzdan galan ajaýýyp baýramçylykdyr. Halkara Nowruz milli baýram hökmünde halkymyzyň urp-adatlaryna, däp-dessuryna ebedilik ornaşypdyr. Şeýle-de, ir döwürlerden bäri bellenip  gelinýän Nowruzda ýedi dürli däneli ekinden ýedi dürli tagam taýýarlanyp birek birege hödür-kerem edilipdir. Onuň iň datly tagamlarynyň biri hem semenidir. Mundan başgada, baýramçylyk däplerine görä, at çapdyrypdyrlar, milli oýunlarymyzy oýnapdyrlar, göreş tutupdyrlar. Şäherleriň we obalaryň köçelerinde Nowruzyň gelýänini duýduryp, jarçylar jar çekipdirler, halky oýunlar bilen bahary garşy alypdyrlar. Gyzlar läle kakyp ýigitler at çapyp bäsleşipdirler. Mahlasy bu baýramda uly-kiçi hemmäniň kalby diňe hoşniýetli arzuw umytlara beslenipdir.

Mähri DAŇATAROWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

c649cyhfebgj7qcowbzurkncwoddst4veaomwv14 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili N. Saakýanyň «Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahatda eden çykyşy

uffephsltvy0xlfafarv85pylxdmknmezdh7tnxm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
GitTop