Dark
Light
03.01.2026
tqrejbg8yz2wc9cg5y4lru5l9wn6t85s THE ASHGABAT TIMES

 Diabetiki Polineýropatiýa

12.03.2025

Diabetiki polineýropatiýa – süýji keseliniň nerw ulgamyna ýetirýän uzak möhletleýin täsiriniň netijesinde döräp, esasan, periferiki nerwleri zaýalaýan keseldir. Bu kesel nerw öýjükleriniň kandaky glýukoza derejesiniň ýokary bolmagy sebäpli zaýalanmagy netijesinde ýüze çykýar.

Keseliň alamatlary esasan aýaklardan başlap, soňra elleri hem öz içine alýar. Alamatlara aýak-ellere duýujylygyň peselmegi, ysmazlyk, baranýan ýerleri duýmazlyk, güýçli agyry, gijilewük we myşsa gowşaklygy girýär.

Diabetiki polineýropatiýa irki bejergi almasa, aýaklarda ýaralaryň we hatda gan grenanyň döremegine sebäp bolup biler.

Bejergi esasan gan şekeri derejesini kadalaşdyrmak, witamin terapiýasy (B12 we B1 witaminleri), nerw gorag dermanlary we fizioterapiýa bilen geçirilýär. Keseliň irki tapgyrynda bejergi başlan bolsa, nerwleriň zaýalanmagyny haýallatmak we keseliň agyrlaşmagynyň öňüni almak mümkindir.

Aýna ANNAORAZOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa
kafedrasynyň assistenti

Leave a Reply

Your email address will not be published.

beyin kanamasi 73603 b 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kelle Beýniniň Çiş Keselleri

j3tjdjttuldqq7cuwkgrqotwo1zhd1oh1p0e1wlm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea bilen duşuşyk geçirildi

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop