Dark
Light
26.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Nowruz geler ilime güller açar diýarym

10.03.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ýylynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni taryhy wakalara beslenip türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar.

Ýurdumyzda her ýylyň 21-nji martynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni giňden bellenip geçirilýär. Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy umumy adamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýär.

Dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýän, medeniýetleriň gadymy taryhyny, zähmet dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýan Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizililmegi bolsa bu baýramyň many-mazmunyny we ähmiýetini has-da artdyrdy.

Türkmen halkynda Nowruz güni Nowruz ösümliklerinden taýýarlanýan tagamlara aýratyn üns berlipdir. Däbe görä, baýramçylyk saçagyna ýedi dürli tagam goýmak däp bolupdyr. Olar esasan hem däneli ösümliklerden (bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, nohut, noýba) taýýarlanylypdyr. Şolaryň arasynda bolsa, Nowruzda gadymdan bäri adata öwrülen tagam atýýarlamak däplerimiziň biri hem semeni taýýarlamakdyr. Semenini däp-dessurlarymyza laýyklykda il arasynda uly abraýa we hormata eýe bolan zenanlar tarapyndan taýýarlanylýar. Taýýar bolan semeni goňşy golamalara, myhmanlara paýlanylýar. Nowruzda üýşüp semeni taýýarlamagyň, ony uly il bolup, paýlaşmagyň baş maksady bolsa – Täze ýylyň bol hasylly, rysgal bereketli, ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň agzybirligini arzuwlamak bolup durýar.

Topragyň janlanýandygyny, tebigatyň oýanýandygyny alamatlandyrýan Nowruz gadymy döwürlerden bäri türkmen halk döredijiliginiň ähli görnüşlerini, pederlerimiziň ruhy we medeni gymmatlyklaryny özünde saklap gelýär.

Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden nusgalyk däp-dessurlary bolsa bu baýramçylyk ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda öz beýanyny tapýar. Nowruzyň gelmegi bilen baglanşykly döredilen sanawaçlar, läleler, monjukatdylar, hüwdiler, öleňler, gazallar, nakyllar bolsa milli halk döredijiligimiziň genji-hazynasydyr. Türkmeniň milli senedi bolan gazma dutaryň we gyjagyň mukamy, halypa bagşylaryň belent owazy, gargy tüýdügiň ýanyndaky ýanama aýdymlaryň joşgunly sesi Nowruz baýramynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halkynyň özüne mahsus bolan däp-dessury ynançlary, milli häsiýetleri nesilden-nesle geçip, biziň şu günlerimize gelip ýetdi.

Ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, parahatçylygyň agzybirligiň jebisligiň ýer ýüzünde dabaralanmagy üçin beýik başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, dünýä nusgalyk asylly başlangyçlary, beýik işleri hemişe rowaç bolsun.

Sülgünjemal NURYÝEWA
Mary welaýat kitaphanasynyň Neşirleri toplamak
we işlemek bölüminiň kitaphanaçysy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ylym – bilim ösüşleriň binýady

65eae17edfd36431148712ca3233348ba5dd1124 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hytaý EUV-litografiýa enjamlaryny synagdan geçirmegi başlar

Soňkylar Makalalar

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

23.01.2026
Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň
GitTop