Dark
Light
25.01.2026
cvety v podarok1 THE ASHGABAT TIMES

Otag ösümlikleriniň adam saglygyna peýdasy

25.03.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bagy-bossana bürenýän eziz Diýarymyzda raýatlaryň saglygyny goramaklyga, berkitmeklige uly üns berilýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasaty, halkymyz üçin amatly daşky gurşawy döretmek ýörelgesi amala aşyrylýan beýik, tutumly işler halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar.
Gündelik durmuşymyza ylmyň, tehnikanyň gazananlarynyň giňden ornaşmagy we sanynyň barha artmagy bilen daşky gurşawa ýetirilýän täsiri-de, täsiriň görnüşleri-de artýar. Daşky gurşawa ýetirilýän täsiriň öňüni almakda we täsiri peseltmekde tokaýlaryň, baglaryň, otag ösümlikleriniň ähmiýeti uludyr. Häzirki günlerde otag ösümliklerini idetmek, ýetişdirmek bilen gyzyklanýanlaryň we meşgullanýanlaryň sanynyň barha artmagy guwandyryjy hakykatdyr. Çünki otag ösümlikleri diňe bir daşymyzy gurşap alan dünýämize gözellik bermän, eýsem adamyň ýaşaýyş durmuşynda, saglygy berkitmekde we bejermekde aýratyn ähmiýete eýedir. Iş otaglarynda ýa-da aşhanalarda tehniki enjamlaryň uzak wagtlap işledilýän ýerlerinde adam saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýändigini, ýagny otagyň içindäki otrisatel ionlaryň azalmagyna getirýändigini bu gün ylym tassyklaýar.
Beýik Britaniýanyň Birmingem we Reding uniwersitetleriň alymlar topary bu ugurda ylmy-barlag işlerini geçirdiler. Ylmy-barlaglaryň netijelerine görä, otag ösümlikleri içerdäki howanyň hilini ep-esli ýokarlandyrýandygyny görkezýär. Ylmy-barlaglara laýyklykda, otag ösümlikleri ýa-da gülleri otagyň içindäki dürli dem alyş keselleriniň döremegine sebäp bolup bilýän azot dioksidiniň möçberini ep-esli azaltmaga giň mümkinçilik berýär. Alymlar 15 inedördül metr meýdany bolan ofis otagyna 5 ösümlik ýerleşdirmegiň ýeterlikdigini belleýärler. Howa çalşygy pes bolsa-da, bu ösümlikler zyýanly gazlaryň derejesini 20 göterim azaldyp biler.
Güller – gözellik, gözelligi göreniňde bolsa göwnüň göterilýär. Ynsan özüniň ýaşyna, wezipesine, haýsy jemgyýetde ýaşaýandygyna garamazdan gülleri göreninde ýylgyranyny duýman galýar. Adamzady şeýle ýylgyrtmagy başartýan gülleriň sanyny köpeltmek, olara yzygiderli ideg etmek hem özüçe bir lezzetdir.

Jeren KULLAÝEWA

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy
adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän
mekdep-internatynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

64faabb65b47f772081752 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan parahatçylygyň durnukly ösüşini üpjün etmek

6026035223c84362830331 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Maýa goýum mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop