144234 scaled THE ASHGABAT TIMES

Weterinariýa gullugy FAO-nyň «Bitewi Saglyk» taslamasynyň çäklerinde «Iýmit önümleriň howpsuzlygy» atly okuw maslahatyny geçirýär.

05.03.2025

2025-nji ýylyň 4-5-nji martynda Aşgabat şäherinde Döwlet weterinariýa gullugynyň tejribeli weterinar we laboratoriýa hünärmenleri üçin iýmit howpsuzlygy meseleleri boýunça okuw türgenleşigi geçirilýär. Bu okuw türgenleşigi FAO-nyň sebitde tehniki hyzmatdaşlyk boýunça GCP/SEC/027/PAF – «Merkezi Aziýada “Bitewi Saglyk” çemeleşiginiň esasynda pandemiýalara taýýarlyk we jogap çäreleri» atly taslamasynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy bilen hyzmatdaşlykda guralýar. Okuw maslahatyna Döwlet weterinariýa gullugynyň bäş welaýatyndan, Aşgabat şäherinden we Arkadag şäherindäki Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinden weterinariýa hünärmenleri gatnaşdylar. Okuw maslahaty Döwlet weterinariýa gullugynyň milli bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilýär.

Okuw maslahatynda moderator hökmünde Döwlet weterinariýa gullugynyň halkara we ylmy gatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow çykyş etdi. Ol, şeýle hem, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň adyndan giriş sözi bilen çykyş etdi. Öz çykyşynda A.Soltanmyradow şeýle belläp geçdi: «Iýmit howpsuzlygy – bu diňe bir hünär borjy däl, eýsem geljekki nesilleriň öňünde jogapkärçilik, şeýle hem millionlarça adamyň ynamynyň we saglygyň kepilidir. Ol jemgyýetçilik saglygynyň, oba hojalygynyň durnukly ösüşiniň hem-de ýurduň ykdysady durnuklylygynyň esasyny düzýär. Biz şu gün nobatdaky möhüm ädimi ädýäris: bilim alýarys, tejribe paýlaşýarys, öňdebaryjy usullary özleşdirýäris we iň gowy halkara tejribeleri ornaşdyrýarys. Bu bolsa, iýmit önümleriň hiliniň we howpsuzlygynyň durnukly ileri tutulýan ugur bolmagyny üpjün edýän geljege goýulýan maýa goýumdyr».

Okuw maslahatynyň geçirmegiň esasy maksatlary:

  • Iýmit howpsuzlygynyň esasy ýörelgeleri we haýwanlardan alynýan önümleriniň weterinariýa-sanitariýa ekspertizasy boýunça usullary bilen tanyşmak.
  • Döwlet weterinariýa gullugynyň tejribeli weterinar we laboratoriýa hünärmenleriniň patogen mikroorganizmler, toksiki maddalar we biologik taýdan howply materiallar bilen bagly töwekgelçilikler barada bilimlerini ýokarlandyrmak.
  • Döwletliň epizootiki gözegçilik ulgamyny gowulandyrmak.

Okuw materiallary, Türkmenistanyň «Weterinariýa işi hakynda» we «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda» kanunlaryna, şeýle hem BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Haýwanlaryň Bütindünýä saglygyny goraýyş guramasynyň (WOAH) we «Alymentariýus» kodeksiniň maslahatlaryna esaslanýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
i 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Lukmançylykda ulanylýan serişdeleriň fiziki häsiýetleri

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bagtyýar ýyllary aşypdyr Türkmen

Soňkylar Habar

GitTop