Dark
Light
03.01.2026
i 24 THE ASHGABAT TIMES

Ýaş aýratynlyklarynyň fiziologiýasy

05.03.2025

Ösýän   adam  bedeniniň,  onuň  synalar ulgamlarynyň,   synalarynyň,   dokumalarynyň   wezipeleriniň amala  aşyrylyşynyň  aýratynlyklary  gadymy  döwürlerden  bäri ünsi  özüne  çekip  gelipdir.  Emma  XX  asyra  çenli ösýän bedeniň fiziologiýasy  baradaky  maglumatlar  örän  dagynyk  häsiýete  eýe bolupdyrlar.

Ýaş  morfologiýasy  we  fiziologiýasy  boýunça  ähmiýetli işleriň   biri 1906-njy   ýylda Russiýadaçap   edilen N.P.Gundobiniň  “Çaganyň  ýaş  aýratynlyklary”  (Особенностидетскоговозраста) diýen  işi  hasaplanýar.  Onuň  bu  işi  esasan-da  çaganyň  bedeniniň  anatomiýasyny  ýazyp  beýan  etmäge bagyşlanandyr.  Şundan  soňra  Rusiýada çagany öwrenmeklige bolan  üns  has-da  güýçlenipdir.  1918-nji  ýyldan  başlap, rusiýanyň dürli   şäherlerinde  çagalaryň  we  ýetginjekleriň saglygyny  goramak  boýunça  ylmy  barlag  institutlary  we laboratoriýalary   döredilipdir. Bu   edaralaryň   wezipeleri çagalaryň   we   ýetginjekleriň   ösüşini   öwrenmeklige  ünsi çekmekden  ybarat  bolupdyr.  1944-nji  ýylda  bolsa,  mekdep gigiýenasy  ylmy-barlag  instituty  döredilýär  hem-de  onuň çäginde  ýörite  ýaş  morfologiýasy  we  fiziologiýasy  diýen  bölüm işläp  başlaýar.  1949-njy  ýylda  ol  instituta  dürli üýtgeşmeler girizilýär  hem-de  bedenterbiýe  we  mekdep  gigiýenasy  instituty diýlip  atlandyrylýar.  Emma  1954-nji ýylda bu   institutaýene özgertmeler  girizilýär  hem-de    ol    1968-nji  ýyla  çenli  ýas fiziologiýasy  we  bedenterbiýe  instituty  diýen  ady  alýar.  1968-njiýyldan  başlap  bolsa,  oňa  çagalaryň  we  ýetginjekleriň fiziologiýasynyň  ylmy-barlag  instituty  diýlip  at berilýär.

Ozalky    Soýuzyň    çäklerinde    Mugallymçylyk ylymlarynyň  akademiýasy ýaş  fiziologiýasy  we  morfologiýasy boýunça  barlaglary  geçirmekde  ugrukdyryjy  (koordinirleýji) merkeze   öwrülýär.   Yaş   fiziologiýasy,   morfologiýasy, biohimiýa  boýunça  geçirilen  maslahatlardyr  işewür  duşuşyklar ýaş  aýratynlyklarynyň  fiziologiýasynyň  kämilleşmeginde  we ösmeginde  uly  ähmiýete  eýe boldy.

N.P.Gundobiniň  kitaby  neşir  edilenden  soňraky  50-60 ýylyň   dowamyndaky   toplanan   maglumatlaryň   ählisi “Çagalaryň    we    ýetginjekleriň    anatomo-fiziologiki aýratynlyklary”    atly    kitapda    ýerleşdirilipdir.    Ýaş aýratynlyklarynyň  fiziologiýasy  lukmançylyk,  mugallymçylyk, psihologiýa  ýaly birnäçe ylymlaryň  esasy bolup hyzmat  edýär.

Pediatriýa,   çaga   hirurgiýasy,   çagalaryň   we ýetginjekleriň  gigiýenasy  ýaly  örän  köp  lukmançylyk  pudaklary ýaş   aýratynlyklarynyň  fiziologiýasynyň  maglumatlaryna  bil baglaýarlar.  Şol  sebäpli  hem  olar  ýaş  aýratynlyklarynyň fiziologiýasynyň  gazananlaryny  doly  ulanýarlar,  şol  bir  wagtda fiziologiýa   bilen   baglanyşykly   bolan   ylmy   pudaklaryň ösmegine  ýardam edýärler.

Maýa AŞYROWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy
kafedrasynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

i 23 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaşlar ýurduň daýanjy

vna1fqp2vgkgmkyqwylnjn6n7kjidcvti9lgbqbh THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop