dfgf THE ASHGABAT TIMES

Ynsanperwerligiň beýik nusgasy

14.03.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ösüp barýan ýaş nesiller üçin ynsanperwerligiň beýik nusgasy hökmünde hereket edýär. Gaznanyň mümkinçilikleri esasynda haýyr-sahawat işleri giň gerimde alnyp barylýar.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi hem-de olaryň saglyklarynyň dikeldilmegi we berkidilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde möhüm üns berilýär. Dünýä ýurtlary we abraýly halkara guramalary ýurdumyzda çagalaryň saglygy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda edilýän tagallalara ýokary baha berýär. Şoňa görä-de, bu ugurda alnyp barylýan işler üstünlikli dowam etdirilýär.
Aşgabat şäheriniň dikeldiş bejergilere mätäç körpeje ýaşaýjylarynyň ikinji tapgyry Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde ýatymlaýyn bejergide bolup, öz okuw sapaklaryny dowam etmek şerti bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde dikeldiş bejergilerini alýarlar.
Netijeli dikeldiş bejergilerini alýan çagalara Lukman Arkadagymyzyň lukmançylykdaky halypa maslahaty we teklipleri boýunça Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde dikeldiş bejergileri üstünlikli amala aşyrylýar.

Kasymmyrat DURDYÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
aaaaaafa THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Arkadag şäheriniň ekologik ösüş meseleleri

glawny THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Häzirki zaman durmuşynda saglygyň ähmiýeti

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop