2 THE ASHGABAT TIMES

Daşary ýurtly myhmanlar bilen dostlukly gatnaşyk

04.04.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz türkmenleriň asyrlar  boýy häsiýetinde jemlenen, mirasa sarpa goýmagyň binýadyny çuňňur pelsepeçilik, özboluşly dünýägaraýyş manysyny “Myhmansöýüjilik türkmeniň ruhy-ahlak gözelliginiň ajaýyp keşbidir” diýip belleýär. Bu häsiýet türkmen halkynyň milli däplerinde jemlenýändir we daýanýandyr.

Türkmenler sypaýy, açyk göwünli we myhmansöýer halkdyr. Bu häsiýetleri hem taryhyň ähli döwürlerinde saklapdyrlar we taraşlapdyrlar.

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz özüniň daşary syýasatyny oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda gurap, bu ugra gyşarnyksyz eýerýär we döwletara derejesinde oňyn syýasy gatnaşyklary, netijeli söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy ösdürýär, şeýle hem abraýly halkara guramalary we düzümleri bilen işjeň gatnaşyk edýär.

Ýurdumyzyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bilen dostlukly gatnaşygy saklamagy halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Häzirki günlerde Türkmenistanda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary bilen halkara maslahatyny  geçirmäge taýýarlyk görülýär.  Halkara foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler, myhmanlary garşylamak, olaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler çözülýär. Şeýle-de forumyň dowamynda guraljak medeni çäreleriň maksatnamasy, halkara forumyň işine dünýä dillerini kämil derejede bilýän ýaşlaryň çekilmegi bilen bagly işler alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin zerur şertleri döretmek meselelerini esasy ugur edinýän halkara forumyň hemmetaraplaýyn guramaçylykly geçirilmeginiň wajypdygy barada alada edýär.

Aýgözel BABAÝEWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Pudaklaryň utgaşyklylygy öňdebaryjy tehnologiki ösüşleri we ylmy

62075e20029b9755c304e0d538e5fd97 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sport sagdynlygyň girewi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop