Weizmann ylym instituty, Helen Schneider aýal keselhana (Ysraýyl) we Ýel uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi (ABŞ) biologlary aýal bedeniniň çaga dogrumyndan soň kadaly ýagdaýyna gelmek üçin näçe wagt gerekdigini öwrenmek üçin täze barlag geçirdi. Barlaga 300,000-den gowrak ysraýylly enäniň dogrum maglumatlary goşuldy.
Hünärmenler aýal bedeniniň çaga galmazdan 4,5 aý öňünden we çaga dogumyndan 1,5 ýyl soň nähili üýtgeýändigini seljerdi. 76 dürli synag netijeleri ýygnaldy, ýagny gandaky holesterin derejesi, immun hüjrelere, çişme ýagdaýy, bagyr, böwrek we süňk saglygy bilen baglanyşykly görkezijiler barlanyldy. Bu maglumatlar 2003-2020 ýyllar aralygynda sagdyn çaga dogran aýallar bilen baglydy.
Görlüp oturylsa, saglyk görkezijileriniň diňe 47%-i çaga dogrumyndan bir aý geçenden soň durnuklaşdy. Ýene 12% görkezijiler 4-10 hepde aralygynda kadaly derejä geldi, galan 41% bolsa 10 hepde ýa-da ondan köp wagt talap etdi. Süňk we bagyr saglygy bilen baglanyşykly markeriň dikeldilmegi iň uzak wagt aldy—56 hepde.
Beýleki birnäçe saglyk markeriniň durnuklaşmagy köp aý talap etdi, şol sanda holesterin, foliý turşusy, gyzyl gan öýjükleri, käbir gormonal we immun saglygy bilen baglanyşykly görkezijiler.
Mundan başga-da, käbir saglyk görkezijileri belli bir derejä çenli durnuklaşdy, ýöne çaga galmazdan öňki derejä doly gaýtadan ýetmedi—hatda 1,5 ýyldan soň hem. Bu kategoriýa käbir çişme we gan saglygy bilen baglanyşykly markerler girýär.
Saglyk meselesi boýunça hünärmen bilen maslahatlaşmazdan karar kabul etmäň.