vystavka dutar1 THE ASHGABAT TIMES

Dutar – köňlüň ruhy melhemi

11.04.2025

“Görogly” dessanynda türkmen milli saz sungaty boýdan-boşa ör-boýuna galýar. Görogly özüniň ajaýyp duýgularyny goluna dutar alyp, saz bilen beýan edýär. Bu bolsa, dutaryň ajaýyp mukamlarynyň taryhynyň asyrlar aşyp gelýän milli gymmatlyklygyny aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Şu ýerde bir ajaýyp jümle hakydaňa dolýar. Göroglynyň Araz çaýyndan uçup geçen Gyratyny görüp, begenjine “Taýymy görenimi saz bilen beýan edeýin” diýip, goluna dutar alyp, sazda buýsanç bilen beýan edýär:
Atam, saňa arzym aýtsam,
Araz çaýdan geçdi Gyrat,
Bir hümmet ýetdi möwlamdan,
Ganat kakyp uçdy Gyrat.
Şu pursatlary okan mahalyň, Göroglynyň jadyly türkmen guralyna gol berip, göwün baglap, öz pikir-hyýalyny ýüwürdip, joşa gelendigine buýsanjyň artýar. Aslynda, Görogly bilen bir hatarda Agaýunus, Öwez, Harman däli, Aşyk Aýdyň, Kerem ýaly gahrymanlaryň ählisi öz ýürek buýsançlaryny beýan etmekde gazma dutaryň gudratyna bil baglapdyrlar.
“Bäş keleme söz aýdar gerek”, “Bir söz aýdar boldy, gör-bak näme diýýär” setirleri boýdan-boşa eseriň süňňüne ornaşyp, milli buýsanjymyzyň gudratyny has-da belentliklere göterýär. Bu pursatlar dessançylyk däpleriniň mynasyp nesliniň kemala gelmeginde nusgalyk mekdep bolup durýar. Çünki häzirki wagtda “Görogly” şahalaryndan söz açmadyk dessançy bagşy bolmasa gerek?! Ahyr öz döwründe Hoja bagşy, Ata bagşy, Pälwan bagşy, Nazar baga, Çuwal bagşy, Gurt Ýakup ýaly ezber bagşylar öz döwründe “Göroglyny” gürletmegiň hötdesinden gelip, nusgalyk ýoly geçip, ençeme şägirtleri ýetişdirmedilermi näme?! Ine, türkmeniň dessançylyk ýoly nirelerde? Bagşylary gürletseň-ä, dessançylyga gol beren her bagşa “Göroglyny” gürletmek başardýarmy nä?! Onuň üçin ýiti zehin, söýgi, yhlas gerek. Bu günki gün bolsa, ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýoly mynasyp dowam etdirilip, bagşyçylyk sungatynyň mynasyp geljegi binýat bolýar.
“Görogly” şadessanynda halkymyzyň batyrgaýlyk, myhmansöýerlik, geçirimlilik, ak ýüreklilik, ynsanperwerlik ýaly häsiýetleri açyp görkezilýär. Ý.E.Bertels: “Görogly halk bilen berk baglydyr, jemagat bilen onuň arasyny üzmek mümkin däldir” diýip belleýär. Bu dessan diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýä jemgyýetçiliginde hem söýlüp okalyp, onuň ajaýyp şygyrlary dünýäniň ençeme dillerinde ýaňlanýar. Dessanyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa, onuň dünýäde giňden öwrenilmegi üçin uly ýardam berdi..

Merdan ALMAZOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
engaging with technology 2048x1365 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tehnologiýa – Geljegiň Hereketlendiriji Güýji

img 213 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmeniň halkynyň buýsanjy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop