Dark
Light
03.01.2026
i 40 THE ASHGABAT TIMES

Milli žurnakistikada halkara ösüşlerimiziň beýany

24.04.2025

Hormatly   Prezidentimiziň   ýolbaşçylygynda   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde ýurdumyz ykdysady, syýasy we medeni taýdan uly ösüşler bilen öňe barýar. Gazanylýan  üstünlekleri  has-da     berkitmekde jemgyýetçilik  aňynyň  kämilleşip,  halkyň  durmuş hakykatyna  bolan  garaýyşlaryny  ösdürmek  wezipesi  bu günki günüň çykaran baş maksady bolup durýar. Döwlet bilen  jemgyýetiň  sazlaşykly  ösüşini  mundan  beýläk-de berkitmekde,  ýurdumyzda  bolup  geçýän  özgertmeleri, täzelikleri  baý  çeperçilik  mazmun  bilen  bezäp,  halk köpçüligine ýurdumyzda amala aşyrmaly maksatly işlere ugrukdyrýan   eserler   täze   döwrüň   sahnasyna çykmaly.

Publisistik  edebiýatynyň  öňünde  hem  gündelik wakalaryň  töwereginde  jemgyýetçilik  pikirini  kemala getirmek wezipesi durýar.Bu ugurda publisistikanyňiň bir işjeň žanry bolup çykyş edýändigini göz öňünde tutýarys.Türkmenistan  Garaşsyzlygyny  gazanyp,  hemişelik Bitaraplyk hukugyna eýe bolanyndan soň, ýurduň syýasy, medeni,  ykdysady  durmuşynda  täze  döwür  başlandy.Döwleti  dolandyrmagyň  milli  ýoly  saýlanyp  alyndy.Bu jemgyýetçilik  özgertmeleriniň  many-mazmuny,  ýurdy dolandyrmakdaky   ähmiýetli   ugurlary   bilen   halk köpçüligini tanyşdyrmak zerurlygy kanuny ýagdaý bolup durýardy. Döwletiň  mundan  beýýläki  ýöretjek  içeri  we daşary  syýasatyny  halkyň  goldamagy,  ykrar   etmegi hökmany  şertleriň  biridi.Jemgyýetiň  durmuşyndaky özgertmeleriň   amala   aşmagynda   halk   esasy daýançdyr.Döwletiň ýöredýän syýasatyny wagyz etmekde habar  beriş  serişdeleri  döwlet  bilen  halkyň  arasyndaky köpri bolup durýar.

Ýurdumyz garaşsyzlygyny  gazanyp,  bitaraplyk hukugyna  eýe  bolanyndan  soň,  milli  metbugatymyz türkmen  durmuşynyň  hakykat  aýnasyna  öwrüldi. Ýurtdaky syýasy-jemgyýetçilik wakalary wagyz etmekde, döwletiň   kanunçylygyny   halka   düşündirmekde publisistika  işjeň  žanra  öwrüldi.

Ýurduň  HBS-niň  üsti bilen çykyş edýän çeper publisistikanyň mazmunynda täze döwrüň  ruhy,  syýasy-medeni  keşbi  şöhlelenip  başlady. Döwletiň ýöredýän bitaraplyk syýasatynyň düyp manysyny halk köpçüligine ýetirmekde hem publisistika metbugatyň. Teleýaýlymyň we radionyň üsti bilen çykyş edip,  jemgyýetçilik  pikirini  döredýän  wajyp  gurala öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Magtymguly adyndakyTürkmen döwlet uniwersitetinde weTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda şeýle hem, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde žurnalistika hünäri açyldy. Žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlarymyzy hünäre ugrukdyrmak, žurnalistika hünäriniň özboluşlylygy we aýratynlyklary,  şeýle hem beýleki hünärler bilen baglanyşygy barada döwre laýyk düşünje bermek mugallymlaryň esasy wezipesi bolup durýar. Žurnalistika hünärine baş goşýan adam wakalaryň jümmüşinde bolmaga, iň täze habarlary, wakalary ilki bilen bilmäge höwesli bolýarlar.

Žurnalistiň hünäriiň birhereketli, gyzykly we döredijilikli hünärleriň biri bolup durýar. Belli rus syýasysynçysy,  žurnalist Ý.Golowanyň aýtmagyna görä, žurnalistleriň ýalňyşlyga hukugy ýokdur, olar ýazan her harpy üçin okyjylaryň öňünde uly jogapkärçilik çekýärler. Žurnalist nähili kynçylyk bolsa-da, habary ýa-da makalany öz möhletinde tabşyrmalydyr. Olar ýol söküp, döredijilik saparlaryna gitmeli bolýarlar. Žurnalistik wezipe diňe öz işine berlen, teklipçil, hyjuwly, çydamly, zähmetsöýer we jogapkärçiligi duýýan döredijilik adamlaryny kabul edýär.

Leýla JUMALIÝEWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ca7ewx84xbawjsvu7raxfivjdueztvwed1eogwdo THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

oxbze8giw896sqldueq8gmhh8aqvkbhm9ssiyrtc THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gahryman Arkadagymyzyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop