bedew ak 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen bedewiniň milli baýramy

16.04.2025

Türkmen halkynyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan Bedew baýramy gadymdan başlap geçirilýär. Atlaryň ajaýyp aýratynlyklary we türkmenleriň atçylyk sungaty bu baýramyň esasy mazmunyny düzýär. Bu baýramda halk öz atlaryna bolan söýgüsini we hormatyny belleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri täzeden dikeldilmegi we türkmeniň atşynaslyk sungatynyň täze rowaçlyklara eýe bolmagy her birimizde çäksiz buýsanjy döredýär. Ösüş-özgertmelere beslenen taryhy döwrümizde şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň şanyna toýlaryň uludan tutulmagy, has takygy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uludan dabaralandyrylmagy bolsa, has-da guwandyrýar.

Türkmenler atçylyk sungatynda gadymdan bäri kämilleşip, baý medeni miras döredipdirler. Atlaryň idegi we terbiýesi boýunça çäreler Bedew baýramynyň çäklerinde geçirilýär. Bu baýram milli mirasy ýaşlara ýetirmek üçin möhüm roly ýerine ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde 2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek boýunça degişli Buýruga gol çekmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da ajaýyp senäniň baý many-mazmunly dabaralara beslenjekdigini görkezýär. Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda ýokarda agzalan bäsleşikleriň ähmiýetiniň uludygyny guwanç bilen bellemelidiris.

Milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak babatda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Aýjahan MUHAMEDOWA
Daşoguz welaýatynyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
australian actress THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Awstraliýaly aktrisa Keýt Blanşet: Geljekki meýilnamalary barada gürrüň

obyazannosti pedagoga dou THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mugallymçylyk sungaty

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop