Dark
Light
24.01.2026
i 50 THE ASHGABAT TIMES

Saglygymyzy goramak – zyýanly endiklerden daşda durmak

06.05.2025

Häzirki wagtda ýagny, maý aýyn­da ýur­du­myz­da tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça bi­raý­ly­gyň do­wa­myn­da ýa­ra­maz en­dik­le­riň tä­sir­le­ri ba­ra­da ilat ara­syn­da wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi döw­le­tiň öz hal­ky­nyň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­la­ry­nyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

Bu wagyz-nesihat çäresiniň esasy maksady ýaş nesliň, hususan-da, talyp ýaşlaryň arasynda tertip-düzgün, milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, zyýanly endiklerden daşda durmaklygy ündemek, temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmek, kanun bozulmalaryň öňüni almak, ýaşlaryň saglygyny, işjeňligini we ömrüni uzaltmagyň netijeli ýollaryny düşündirmek, bedenterbiýäniň adam saglygyna ýetirýän täsiri barada habarly etmek we ýaşlaryň bu meseleler barada düşünjesini ýokarlandyrmak, “Sagdyn durmuşda ýaşamaklygyň ýollary” ýörelgelerini berjaý etmekden ybarat bolup durýar.

Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň ýaramaz endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmakda alnyp barylýan işler oňyn netijelerini berýär. Häzirki möwsümleýin keselleriň ýüze çykýan döwründe halk lukmançylygynyň usullaryna ýüzlenmek maksadalaýykdyr. 

Ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni almakda hormatly Prezidentimiziň köp jiltli «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaplarynda türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berilýär. Ýokanç keselleri bejermekde dermanlyk ösümlikleriň içinde ýüzärligiň peýdasy has köpdür. Onuň tüssesiniň bakteriýalary we mikroblary ýok edýändigi ylmy nukdaýnazardan subut edilendir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň sport desgalarynyň ählisinde ýüzärligi ýygy-ýygydan tüsseletmek, profilaktiki arassalaýyş işlerini geçirmek, antiseptik serişdeleri ulanmak işleri ýokary derejede guralyp, gündelik ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem, munuň özi adamlaryň durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin döredilýän amatly şertler bilen bilelikde, olaryň döredijilik we aň-paýhas babatynda öz ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmegini üpjün edýän hakykatdyr. Tutuşlygyna häzirki döwürde Diýarymyzda amala aşyrylýan iri möçberli işler ýurdumyzyň temmäki önümleriniň ulanylmagyna garşy işjeň göreşmekde bütin dünýä üçin nusgalyk döwret bolmaga ukyplydygynyň subutnamasydyr.

Sona ALLABERDIÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ce2b0450c9d1a66178ad918ed06343b7 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Saglyk- iň gymmatly baýlyk

4lsnsb83gvgfd9ni9yuxwnzjnyhyzvh4fuwzunai THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-fransuz ykdysady forumyndaky çykyşy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop