Dark
Light
03.01.2026
ce2b0450c9d1a66178ad918ed06343b7 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Saglyk- iň gymmatly baýlyk

05.05.2025

  «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagynda, bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolamagynda, ýokary netijeli sportuň we olimpiýa hereketiniň ösmeginde hormatly Prezidentimiziň nusgalyk görelde görkezýändigi has hem guwandyryjydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmakda ähmiýetli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan adam baradaky çäksiz alada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr!», Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!» diýen baş şygary bilen utgaşýar. 

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy» türkmen halkynyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, sagdyn jemgyýetimizi mundan beýläk-de berkitmäge oňyn netijesini berýär.

Lukmançylyk ylmynda subut edilişi ýaly, çilimiň adam bedenine ýetirýän zyýany gaty ulydyr. Adamyň bedeninde temmäkiniň zäherleýji maddalarynyň täsir etmeýän agzasy ýokdur. Çilimiň tüssesinde zäherli himiki maddalaryň 400-den gowragynyň bardygy mälimdir, olaryň 43-si dürli beden agzalarynyň howply täze döremeleriniň ýüze çykarmagyna getirýär. Çilimiň tüssesinde saklanýan zyýanly maddalar diňe bir çilimkeşiň däl-de, eýsem, onuň töweregindäki adamlaryň, maşgala agzalarynyň hem saglygyna ýaramaz täsir edýär. 

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek her bir adama saglyk we abadançylyk getirýär. Berkarar döwletimizde ajaýyp zamanamyza guwanyp, saglykda ýaşamak her bir ynsanyň arzuwydyr. Öz halkynyň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyna gönükdirilen bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Meýlis KASYMOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

safafd THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabadyň Sahnasyna Ýewropa-Türkmen Sungat Dostlugy

i 50 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Saglygymyzy goramak – zyýanly endiklerden daşda durmak

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop