THE ASHGABAT TIMES

Baş Kanunymyz we Döwlet Baýdagymyz – döwletimiziň goşa mukaddesligi

13.05.2025

Ata Watanymyzyň ýaşyl Baýdagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň buýsançly beýany hökmünde tutuş älem-jahana nur çaýýar. Mukaddes Watan Baýdagymyz türkmeniň ruhuna ornan, kalbyndan dörän milli gymmatlykdyr, Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, parahatçylyk babatdaky milli düşünjeleri özünde jemleýän Konstitusiýamyz, ýaşyl Tugumyz dünýä ýüzündäki abraý-mertebämizdir.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Watanymyz Türkmenistan beýik ösüşlere, we uly sepgitlere eýe bolýar. Döwrüň belent ruhy bilen mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşy toý-baýramlara utgaşyp, ýaşaýyş joşa gelýär. Munuň özi eziz halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üpjün edilýändiginiň, ýurdumyzyň bedew batly ösüşler bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ynha her bir güni toýdur-baýramlara baý bolan täze taryhy eýýamda agzybir türkmen halkymyz ýene-de bir şanly toýy ýagny, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uludan toýlanýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ata Watanymyza bolan çäksiz söýgini, belent buýsanjy, jebisligimizi, agzybirligimizi dabaralandyrýan milli baýram hökmünde giňden bellenilýär. Sahawatly, bereketli, gözel tebigatymyzyň ýaşyl reňkiniň ajaýyplygyny özünde jemleýän Döwlet baýdagymyz mukaddeslikdir, özbaşdaklygymyzyň nyşanydyr. Bu günki gün dünýäniň çar künjünde belentden parlaýan Döwlet baýdagymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen döwletimiziň tutuş dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini belende göterýär.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzda mukaddeslik saýylýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününi ýurdumyzyň çar künjünde uludan toýlamaga uly mümkinçilikleri döreden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe üstünlikler bilen batlansyn! Toýlarymyz toýa, baýramlarymyz baýrama ulaşsyn!

Ýazhan BERDIÝEW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:44 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
i 4 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Energetika pudagynyň durnukly ösüşi

13 05pr THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Arkadag» futbol toparynyň tälimçileri we türgenleri pul baýragy bilen sylaglanyldy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop