Dark
Light
24.01.2026
29072022aksiz 960x640 1 THE ASHGABAT TIMES

Ýaramaz endiklerden daşda durmak – sagdynlygy goramak

01.05.2025

Ýaramaz endiklerden ýüz öwürmek, gadymdan bäri beden we ruhy taýdan sagdynlyga aýratyn ähmiýet beren ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etmek, häzirki türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasy ugurlaryny berkarar etmek köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýrylmaz bölegidir.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmeginiň, raýatlara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň dünýä derejesine ýetirilmeginiň, ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmeginiň, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy göreşilmeginiň, jemgyýetimiziň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň gazanylmagynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hünärmenleri temmäki önümlerinden ýüz öwürmeginiň peýdasynyň gysga wagtyň dowamynda duýulýandygyny nygtamak bilen, ony terk etmegiň jemi ýüzden gowrak sebäbini görkezýärler.

Häzirki wagtda ýurdumyz temmäkä garşy ählumumy hereketiň ençeme ugurlary boýunça öňdebaryjy hökmünde çykyş edýär hem-de dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işlere mynasyp goşandyny goşmaga çalşyp, temmäkiniň ulanylmagyna garşy işleri işjeň alyp barýar.

Şunuň bilen baglylykda, ilatyň temmäki önümleriniň ulanylmagynyň ýaramaz täsirlerine degişli habardarlygynyň ýokarlandyrylmagyna, häzirki we geljekki nesilleriň ömrüni we saglygyny goramaga, temmäkiniň ulanylmagyndan ýüze çykýan keselleriň öňüni almaga aýratyn üns berler.

Läle DOLYÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hinh nen moi truong 4 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Daşky gurşawy goramak – milli ekologik abadançylygy ýerine ýetirmek

medizinphysik rub 480x384 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tem­mä­ki önüm­le­ri­niň zy­ýanly täsiri

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop