Ýurdumyzyň ykdysady we tehniki kuwwatyny pugtalandyrmak, aň-paýhas mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ylym-bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Döwlet Baştutanymyzyň ylym bilen önümçiligi özara utgaşdyrmak bilen bagly öňde goýan wezipeleri alymlaryň geçirýän ylmy-barlag işleriniň netijelerinde öz beýanyny tapýar. Ýangyç-energetika toplumynyň işine innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, energiýa serişdelerini tygşytlamak meselelerini çözmek boýunça çäreler işjeň durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmäge, medeni mirasy, taryhy ýadygärlikleri düýpli öwrenmäge, rejelemäge, olary dünýäde wagyz etmäge uly üns berilýär.
Ýurdumyzda bilim derejesi ýokary halkara talaplara laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmek bilim syýasatynyň ileri tutulýan wezipesidir. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, olarda has zerur ugurlar boýunça ýaşlary taýýarlamak üçin täze bölümleriň açylmagy bu ugurdaky anyk ädimlerdir. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurluşyklary dowam edýär. Şunda olary kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak we internete birikdirmek hökmany şertleriň biridir.
Şeýlelikde “Elektron mekdep” ulgamy işlenip taýýarlanyldy we umumybilim berýän mekdeplerde synag edildi. Bu ulgam arkaly ene-atalar çagalarynyň dürli dersler boýunça ýetişigi bilen tanşyp bilýärler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan bu ulgam islendik wagtda elýeterli bolup, “Google Play” we “App Store” platformalarynda «eMekdep» sözüni girizmek hem-de degişli düwmäni basmak arkaly, ony ykjam telefonlara ýükläp bolýar. Daşary ýurtlardaky şeýle programmalardan tapawutlylykda, «eMekdep» her bir okuwçynyň şahsy ýetişiginiň we ösüşiniň seljermesini hödürleýär.
Geçen ýyl degişli ugurda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi bilimiň hilini ýokarlandyrmakda möhüm orny eýeledi. Döwletara gatnaşyklaryň aýratyn görnüşi hökmünde ýüze çykýan bu özboluşly “aň-paýhas diplomatiýasy” bilimleriň, tehnologiýalaryň, akyl we döredijilik çeşmeleriniň işjeň alşylmagy esasynda hil taýdan täze derejä çykýar. Ýaşlarymyz dünýäniň dürli ýurtlarynyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Türkmen talyplary üçin umumy hem amaly sapaklary geçmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň iň gowy hünärmenleri çekilýär.
Bu gün Türkmenistan okgunly ösýän döwletleriň biri hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýaşaýan häzirki döwrümiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyny hem milli we umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyk gelýän öňdebaryjy tejribeleriň binýadynda mundan beýläk-de ösdürmek üçin örän möhüm döwürdir.
Çaryguly ALLABERENOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň mugallymy