Dark
Light
09.01.2026
919010526e6e4c6e4e838d4a7d99bfee 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Ylym we ýokary tehnologiýalar — ösüşiň binýady

08.05.2025

Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenip, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şu ýylyň wakalary Watanymyzyň şanly ýyl ýazgysyna täze sahypa bolup ýazylýar. Bitaraplyk syýasaty ýurdumyza milli ykdysady ösüşiň wezipelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berdi. Bu hukuk derejesi syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ulgamlarda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmakda möhüm orny eýeleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly, “akylly” ulgamlar we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylyp, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr.

Milli Liderimize ilkinji gezek Arkadag şäherinde ornaşdyryljak 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklary, onuň gurşap alýan çägi we bu tehnologiýanyň degişli düzümlerdir pudaklar hem-de “akylly” şäher, “akylly” öý ulgamlary, saglygy goraýyş, bilim, senagat, oba hojalyk pudaklarynyň işini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin ähmiýeti barada hasabat berildi. Bu innowasion tehnologiýanyň bir inedördül kilometr meýdançada ýüz müňlerçe enjamy birikdirip, sazlaşykly işletmek mümkinçiligi bar. 5G tehnologiýasynyň «TürkmenÄlem 52oE» emeli hemrasynyň mümkinçilikleri esasynda işlemegi ýygylyk zolagynyň işiniň degişli derejede alnyp barylmagyny üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, bu tehnologiýany işe girizmäge taýýarlyk görmek boýunça “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan degişli çäreler görülýär.

Türkmenistan milli telekommunikasiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmäge gönükdirilen özara bähbitli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyga açykdyr. Şeýle hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa sebitiniň ägirt uly üstaşyr geçirijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryny ornaşdyrmaga, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny üstünlikli ösdürmäge ýardam berer.

Häzirki wagtda sanlylaşdyrmagyň durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň binýady bolup hyzmat edýändigi aýdyň hakykatdyr. Sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi.

Bu günki gün ýurdumyzda köpugurly ykdysadyýet kemala getirilýär, senagat düzümi diwersifikasiýalaşdyrylyp, öňdebaryjy ylmy tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän täze kärhanalar hem-de toplumlar döredilýär. Bilim we ylym ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady hil taýdan döwrebaplaşdyrylyp, internetden peýdalanýanlaryň sany barha artýar. Şeýlelikde, Bitarap Watanymyz geljege tarap ynamly ädimleri ädýär. Türkmenistany dünýä ähmiýetli iri halkara telekommunikasiýa merkezine öwürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän netijeli işler ýurdumyzyň ösüşine kuwwatly itergi berýär.

Aýna GELDIÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

asfsdafdsghj THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Azerbeýjanyň ýokary derejeli diplomaty türkmen kärdeşi bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

309 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň energetika pudagynyň durnukly ösüşi we geljegi

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň
GitTop