Dark
Light
10.01.2026
cagajyklar THE ASHGABAT TIMES

Ça­ga­laryň dynç alyş möwsümi

19.06.2025

Tomusky dynç alyş döwründe çagalar bakja-baglarynda körpeleriň aň we beden taýdan sagdyn ösüşini ýola goýmak işi utgaşykly alnyp barylýar. Şunda tomus möwsüminde esasy göwnaçma çäreleri guralýar. Munda çaganyň oýun işini ösdürmek we baýlaşdyrmak üçin syn guramak, gezelençler, gurjaklara oýun oýnatmak (gurjagy naharlamak, ýatyrmak) ýaly işler geçirilýär.

Ulularyň göreldesi, çagalaryň umumy ösüşindäki üstünlikler, çaganyň sözleýşini ösdürmekde olaryň öz hereketleriniň beýlekileriň hereketi bilen gabat getirilmegi esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Oňat guramaçylykly toparda çagalar öz oýnawaçlaryny paýlaşýarlar, biri-birine haýyş bilen ýüzlenýärler.

Tomus paslynda çagalar bilen göwnaçma çärelerini yzygiderli guraýarys. Aýdym-saz sapaklarynda dürli görnüşli ýaryşlary geçirmek çagalarda uly şatlyk döredýär. Ýaryşda çagalary toparlara bölýäris. Toparlara ýaryşyň şerti düşündirilýär. Belli bir sazyň tamamlanmagy bilen, ýaryşyň şertlerini ýerine ýetirmek kesgitlenýär. Mysal üçin, monjuklary sapaga düzmek boýunça çagalar ýaryşýarlar. Saz başlanandan çagalar monjuklary sapaga düzüp başlaýarlar. Saz gutaranda bolsa tamamlaýarlar. Bu ýerde toparyň çagalarynyň ýüpe näçe monjugy düzendigi sanalýar we şowhunly saz bilen ýeňijiler yglan edilýär.

Şeýle hem çagalaryň bütin ýylyň dowamynda öwrenen aýdymlary boýunça «Kim köp aýdym bilýär?» atly bäsleşigi hem geçirýäris. Çagalar bu bäsleşikde öwrenenlerini gaýtadan ýatlaýarlar hem-de aýdym aýdyp, tans edip şatlanýarlar. Şeýle görnüşli göwnaçma çäreleri çagalaryň tomusky dynç alyş günleriniň gyzykly geçmegine oňyn täsir edýär.

Gül SARYBAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 25-nji çagalar bagynyň dil düzediş mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

fabfec7d b235 3a98 9868 82b78586cedc 850 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Azerbaýjan Merkezi Aziýa bilen söwda gatnaşyklaryny güýçlendirýär

rus dili kurslari THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Lukmançylyk biliminde rus diliniň ähmiýeti

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
GitTop