Dark
Light
09.01.2026
94a8a6d433926d60c66f31edcce3fa2d 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Belent ösüşleriň we üstünlikleriň ýyly

05.06.2025

Her bir döwletiň ösüşiniň özeninde, şol halkyň agzybirligi, dost-doganlyk taglymaty we parahatçylykly syýasaty durandyr. Belent maksatlar bilen nurana geljege barýan, ýurt parahatçylygynda, il agzybirliginde gurýan, döredýän bagtyýar halkymyzyň üstünlikleri üstünliklere ulaşýar. Bu mukaddes düşünjeler diňe bir şu günki jemgyýetleriň ösüşi üçin däl, eýsem, geçmişiň müňýyllyklaryny aňladýan, dürli halklaryň medeni mirasynyň, gatnaşyklarynyň we medeniýetiniň binýady bolup durýar.

Agzybirlik islendik jemgyýetde täze başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly binýatdyr. Ykdysady ösüşden başlap, medeni mirasyň goralmagyna çenli her bir ulgamda agzybirligiň, dost-doganlygyň bolmagy zerurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda jemgyýetiň agzybirligini gazanmak üçin berk binýat döredilýär. Halkyň jebisligi ýurduň ykdysady kuwwatynyň hem, medeni ösüşiniň hem esasy sütünleriniň biridir.

Özeninde türkmen halkynyň asyl köklerinden syzylyp çykýan hoşniýetlilik, bir-birege hormat goýmak, dost-doganlyk ýaly ýörelgeleri jemlenen syýasatymyz bu gün dünýäde uludan dabaralanýar. Munuň şeýledigine 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu günki gün ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny doly berjaý edýän döwlet hökmünde aýratyn uly abraýa eýedir. Bu şygar hormatly Prezidentimiziň ösüş arkaly dünýäniň parahatçylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işlerini, ýurdumyzyň parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek babatdaky tagallalaryny şöhlelendirýär.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň her bir gününi möhüm wakalara we üstünliklere besleýän agzybir, zähmetsöýer halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna zähmet üstünlikleri bilen barýar.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrüldi.

Dünýäde parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň esasynda ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornuny beýgeldýän, dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda alyp barýan dünýä nusgalyk işleri, tutumly maksatlary uly üstünliklere beslensin!

Aýşa BABAJANOWA
Ahal welaýatynyň Döwlet arhiwiniň
1-nji derejeli arhiwçisi

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tebigat bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Daşky gurşawyň saglygy — nesilleriň baýlygy

i 15 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilimli ýaşlar — ýurduň geljegi

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň
GitTop