Dark
Light
24.01.2026
masgala THE ASHGABAT TIMES

Maşgala mukaddesligi zenan mertebesidir

27.06.2025

Halkymyzyň asylly ýörelgeleri, edim-gylymlary gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ata-babalarymyzyň parasatly däp-dessurlaryny aýawly saklamakdan we dowam etdirmekden, jemgyýetde ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, maşgala binýadyny berkitmekden ybaratdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda enelerimizi sarpalamagyň belent nusgasy, ene mukaddesligi, maşgala ojagy, ata-ene bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňňur paýhasly esaslary hakynda gürrüň edilýär. Bu eser her bir adamyň ata-ene, ogul-gyz, öý-ojak garaýyşlarynda täze duýgulary oýaryp, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik endiklerini has-da ösdürýär.

Türkmen maşgalasynda perzendiň hünärli bolmagy ugrunda alada edilipdir. Gyz maşgala ejesinden öwüt-ündew alýar, oňa kiçilikden başlap, edep kadalary, öý-hojalyk, tikin-çatyn işleri öwredilýär. Halk arasynda «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz, ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz», «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de — biýzini», «Gyzly öý ― gyzylly öý» diýlip aýdylyşy ýaly, terbiýe meselesinde zenanyň orny uludyr.

Milli Liderimiziň käbesi, hormatly Prezidentimiziň enesi Ogulabat eje hem maşgala gymmatlyklarynyň gadyryny örän gowy bilip, durmuşyň mazmunyny halal ýaşamakda görüp, özüniň manyly ömrüni il-ýurduna, mähriban ojagyna, nesil terbiýesine bagyş eden ynsandyr. Ogulabat ejäniň ömür ýoly, durmuşy nesiller üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Göwher MÖWLÝAMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yasar kit THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kämil ýaşlar röwşen geljegimizdir

oguz han film THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tä­ze film – Medeniýet hepdeligine sowgat

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop