Dark
Light
24.01.2026
ila 6715 THE ASHGABAT TIMES

Medeniýetiň we sungatyň toýy

28.06.2025

Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, medeni edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge, döredijilik işgärleriniň çekýän asylly zähmetini höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär. Şu jähetden, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 22 — 27-nji iýunynda Ahal welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi möhüm taryhy wakadyr.

Hepdeligiň çäklerinde geçirilen çäreler opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, edebiýat, halk döredijiligi ýaly häzirki zaman türkmen medeniýetiniň ähli ugurlaryny özünde jemledi. Şoňa görä-de, giň gerimli medeni çäre halkymyzyň sungatynyň we medeni mirasynyň köpöwüşginliligini beýan edýän wakalara baý boldy. Olaryň hatarynda çagalar döredijilik toparlarynyň «Parahatçylygyň waspçylary» atly konsertini, «Baky Bitaraplyk — dillerde dessan» atly şygryýet agşamyny, Kaka etrabynyň medeniýet öýünde görkezilen «Şükür bagşy» atly sahna oýnuny, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň medeniýet, sungat işgärleriniň konsertlerini, «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» şygary astynda «Asyrlara ýaň salýan dessançylyk sungaty» ady bilen guralan dutar we beýleki milli saz gurallarynyň sergisini, dessançy bagşylaryň konsertini görkezmek bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda her ýyl guralýan bu döredijilik çäresi milli medeniýetimizi gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, onuň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde barha artýan ornuny, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Medeniýet milletiň döredijilik kuwwatydyr! Sungat medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň özboluşly dabaralanmasydyr! Edebiýat edebi gymmatlyklaryň ebedi hazynasydyr!».

Güljan ORAZNEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

qni830zcawpfoahaf5svd5p19bhvftmels5ohfcn THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop