bitarap 02 THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk – dostluk mukamy

28.06.2025

Şu ýyl ýurdumyz Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllyk taryhy senesini çawy dünýä doljak dürli derejeli dabaralar arkaly giňden belläp geçer. Şanly senäniň hormatyna 2025-nji ýylymyz «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyryldy.

Agzybir halkymyzyň ýürek arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen bu taryhy çözgüt taýýarlanylanda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan döräp, baky Bitaraplyk hukuk derejämiziň çuňňur mazmunyny, umumadamzat ähmiýetini şahyrana dilde beýan edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyna, şeýle-de Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna esaslanylmagy her birimiziň buýsançly başymyzy has-da belende göterýär.

Geçilen taryhy menziller mähriban Watanymyzyň saýlap alan Bitaraplyk syýasatynyň dogrudygyny, onuň halkymyzyň, şol sanda hem umumadamzat bähbitlerine, ýurduň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşiniň uzak möhletleýin wezipelerine, dünýä döwletleri hem-de halklary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň maksatlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Halkara hukuk derejämiziň 30 ýyllyk taryhy senesiniň hormatyna ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem muňa doly şaýatlyk edýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şanly senesi uludan toýlanjak hemişelik Bitaraplygymyzyň giň mümkinçiliklerini şunuň ýaly döwletli tutumlar bilen dabaralandyrýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, dünýä ähmiýetli beýik maksatlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Dünýägözel HAÝTEKOWA,
TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
arkadag akhann n THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Geljegiň we giň mümkinçilikleriň şäheri

parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop