rim medal THE ASHGABAT TIMES

Rimden 25 medal!

18.06.2025

Şu ýylyň 13 — 15-nji iýunynda Italiýanyň Rim şäherinde jiu-jitsu boýunça Ortaýer deňziniň açyk gran-pri ýaryşy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň türgenleri hem gatnaşyp, özleriniň üstünlikli çykyşlary bilen 10 altyn, 8 kümüş, 7 bürünç, jemi 25 medal gazandylar.

Türkmen türgenleri Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Baýram Röwşenow, çagyryş boýunça harby gullukçy Eziz Ýollyýew, Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri Rahmet Taganow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Begli Saparow, Şyhberdi Rahmanow hem-de Parahat Rahmanow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Aýnur Kullyýewa, Yslam Öwezow, Aşgabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň okuwçysy Alyşir Jumamyradow ýaryşda has-da tapawutlanyp, altyn medallara mynasyp boldular.

Italiýanyň paýtagtynda geçirilen açyk gran-pri ýaryşyna dünýäniň 23 ýurdundan 840 türgen gatnaşdy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
06nwpbcth0oiuurzm0upwsnhhi9ils 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň wekiliýeti “Täze dünýä tertibi: geosyýasy nukdaýnazarlar we ählumumy wehimler” atly halkara maslahata gatnaşdy

taksi 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenabatda «Onlaýn taksi» işe girizildi

Soňkylar Habar

GitTop