Dark
Light
03.01.2026
2775592 THE ASHGABAT TIMES

Sagdyn beden – sagdyn durmuş

27.06.2025

Jemgyýetiň we döwletimiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.  Saglygy goramakda, berkitmekde sportuň, bedenterbiýäniň ähmiýeti hem örän uludyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryny ösüşlere beslemek üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär.   Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Adamzat nesli döräli bäri saglyk, sagdyn durmuş ýörelgeleri hemişe üns merkezinde bolupdyr. Hut şonuň üçin-de nesil saglygy baradaky meselä türkmen halky mydama örän eserdeň garapdyr. Öz köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan sagdyn durmuş ýörelgelerini kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren pederlerimizden miras galan kadalar munuň aýdyň güwäsidir. 

    Adamyň ýaşamagy üçin howanyň, suwuň, iýmitiň zerur bolşy ýaly, sagdyn ruhy gurşaw hem şahsyýetiň kemala gelmeginde iň zerur zatlaryň biridir. Bu gurşaw bolsa sagdyn ruhly adamlar tarapyndan döredilýär, sagdyn ruh bolsa adamda, ilkinji nobatda, sagdyn pikirleriň netijesinde döreýär. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy diýlip ykrar edilen Türkmenistan döwletimiz halkyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak boýunça nusgalyk derejä ýetdi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris.

Ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglyk babatda bilimini we medeniýetini ýokarlandyrmak, ilatyň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak, keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmaklygy ündemek, temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmek, ene süýdüniň ähmiýetini, sagdyn durmuşda ýaşamaklygyň ýollaryny wagyz etmek, iýmit zäherlenmeleriniň we möwsümleýin keselleriň öňüni almak, bedenterbiýäniň, önümçilik maşklarynyň adam saglygyna ýetirýän oňyn täsirini açyp görkezmek, adamlaryň öz saglyklaryny yzygiderli gözegçilikde saklamaklaryny ýola goýmak we gazanmak, bu ugurda ýurdumyzda kabul edilýän kanunlary düşündirmek, ilatymyzyň bu meseleler barada düşünjesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr.

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy diýlip ykrar edilen Türkmenistan döwletimiz halkyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak boýunça nusgalyk derejä ýetdi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglyk babatda bilimini we medeniýetini ýokarlandyrmak, ilatyň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak, keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmaklygy ündemek, temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmek, ene süýdüniň ähmiýetini, sagdyn durmuşda ýaşamaklygyň ýollaryny wagyz etmek, iýmit zäherlenmeleriniň we möwsümleýin keselleriň öňüni almak, bedenterbiýäniň, önümçilik maşklarynyň adam saglygyna ýetirýän oňyn täsirini açyp görkezmek, adamlaryň öz saglyklaryny yzygiderli gözegçilikde saklamaklaryny ýola goýmak we gazanmak, bu ugurda ýurdumyzda kabul edilýän kanunlary düşündirmek, ilatymyzyň bu meseleler barada düşünjesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr.

Täzegül WILÝANOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy


Leave a Reply

Your email address will not be published.

fb1388504548e29476878aac8b45631a 1000x5668 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanly ulgam – ösüşiň möhüm şerti

yasar kit THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kämil ýaşlar röwşen geljegimizdir

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop