futmil THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Tailanddan üstün çykdy

11.06.2025

Düýn, 10-njy iýunda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama oýunlarynyň ikinji tapgyrynyň çäginde Tailandyň milli ýygyndy topary bilen duşuşdy. «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda netijeli çykyş eden milli ýygyndymyz 3:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy.

Türkmen milli ýygyndysynyň düzüminde Mihail Titow (1-nji minutda), Yhlas Saparmämmedow (37-nji) we Mekan Saparow (66-njy minutda) tapawutlandylar. Myhmanlaryň ýeke-täk goluny Supaçai Çaided (35-nji minutda) geçirdi. Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Röwşen Meredowyň oýnuň öňüsyrasynda geçirilen metbugat ýygnanyşygynda-da belleýşi ýaly, futbolçylarymyz duşuşygyň ilkinji minutlaryndan hüjüme geçdiler.

futbol milli THE ASHGABAT TIMES

Bu ýeňişden soňra, 6 utuk toplan milli ýygyndymyz toparçada birinji orny eýeledi. 3 utukdan toplan Tailandyň hem-de Şri-Lankanyň ýygyndy toparlary bolsa ikinji we üçünji orunlarda ornaşdylar. Ýeri gelende bellesek, bije çekişligiň netijesi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy «D» toparçada Hytaý Taýpeýiniň, Tailandyň we Şri-Lankanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik tapdy.

Saýlama oýunlarda ýygyndy toparymyz alty duşuşyk — 2025-nji ýylda bäş we 2026-njy ýylyň martynda bir duşuşyk geçirer. Saýlama oýunlaryň çägindäki 6 toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa — 2027 Kubogynyň jemleýji tapgyryna ýollanma alarlar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
tekstil25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dokma senagaty: üstünlikli ösüşiň ugry bilen

ukw4uejkvepuifkifb3bxbdwjv9kxzgwwvaq3r3l THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary

Soňkylar Täzelikler

GitTop