Dark
Light
07.01.2026
06nwpbcth0oiuurzm0upwsnhhi9ils 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň wekiliýeti “Täze dünýä tertibi: geosyýasy nukdaýnazarlar we ählumumy wehimler” atly halkara maslahata gatnaşdy

18.06.2025

2025-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde geçirilen “Täze dünýä tertibi: geosyýasy nukdaýnazarlar we ählumumy wehimler” atly halkara maslahata gatnaşdy.

“Ýeni Azerbaýjan” partiýasy tarapyndan guralan bu foruma Türkiýe, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan ýaly döwletleriň syýasatçylary, bilermenleri we partiýa wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň we parahatçylyksöýüjilik syýasatynyň ähmiýetini belledi.

Saparyň çäklerinde “Ýeni Azerbaýjan” partiýasynyň başlygynyň orunbasary Tair Budagow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň syýasy partiýalar we kanun çykaryjy häkimiýet bilen gatnaşyklar bölüminiň başlygy Adalýat Weliýew we Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygynyň orunbasarlary Ziýafet Askerow hem-de Ali Ahmedow bilen duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň Daşaryişler ministrligi

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga sikes THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Taplama çäreleriniň ähmiýeti

rim medal THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Rimden 25 medal!

Soňkylar Habar

Aşgabatda meşhur teleseriallaryň sazlary ýaňlandy

06.01.2026
Täze ýyl baýramçylygy günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin «Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň orkestriniň sazandalary tarapyndan guralan konsert iň ýakymly pursatlaryň birine öwrüldi.
GitTop