Dark
Light
03.01.2026
awaza emblem THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň Awaza forumy: ählumumy tagallalary birleşdirip

27.07.2025

Täze taryhy döwürde geçirilýän halkara we sebit ähmiýetli duşuşyklardyr maslahatlar Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýar. Şu jähetden, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Maslahat bilen ugurdaşlykda birnäçe çäreleriň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär. Geçiriljek bu çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry, hususan-da, halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini; ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary» (5 sany); ýokary derejedäki 7 sany forumy, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny, arabaglanyşyk boýunça çäräni, şeýle-de maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçiriljek çäreleri, şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly gurajak ugurdaş çärelerini; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljek binalarynda guraljak tematik sergileri, şol sanda türkmen tarapynyň gurajak sergilerini; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini we onuň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertini; Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maslahata gatnaşyjylaryň hormatyna guraljak resmi nahary öz içine alýar.

Milli Liderimiziň öwüt-ündewlerinden, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, häzirki wagtda bu maslahatyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunda halkara foruma, onuň bilen bagly ugurdaşlykda guraljak çärelere ýurdumyzyň ýaşlarynyň hem işjeň çekilýändigini buýsançly bellemek gerek. Ýokary okuw mekdepleriniň birnäçe daşary ýurt dillerini bilýän talyplaryndan meýletinçileriň taýýarlanylmagy munuň aýdyň beýanydyr.

Selbi SEITMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza gummez THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Köpugurly tagallalara ýokary baha

awaza sport toplumy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň Awaza forumy: täzeçil çözgütler, möhüm teklipler

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop