Bilşimiz ýaly, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin niýetlenen, 17 maksady hem-de 169 wezipäni özünde jemleýän BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary garyplygy aradan aýyrmaga, ekologiýany gorap saklamaga, deňligi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu maksatlary ýurdumyzyň şertlerine uýgunlaşdyrmak hem-de döwlet syýasatyna goşmak işleri 2016-njy ýylda başlandy. Hazaryň türkmen kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek bilen, ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryny mundan beýläk-de ilerletmäge taýýardygyny nobatdaky gezek görkezer.
Dünýäde 32 sany ýurt deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hasaplanýar. Türkmenistan ösüşiň örän möhüm wezipelerini oýlanyşykly hereketler, paýhasly garaýyşlar hem-de öňdengörüjilikli çemeleşmeler arkaly bilelikde çözmäge taýýardyr. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak barada beýan eden başlangyjy hem, ilkinji nobatda, ösýän ýurtlary ählitaraplaýyn goldamaga gönükdirilendir. Milli Liderimiz üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda bu Strategiýada ösýän ýurtlaryň örän aýdyň we täsirli ornuny görýändigini aýtdy. Häzir şol ýurtlaryň syýasy-ykdysady orny hem-de ähmiýeti barha artýar. Mysal üçin, Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň gazanýan ykdysady, ylmy-tehnologik ösüşleri haýran galdyrýar. Türkmenistan bu sebitleriň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Ýewropanyň, Aziýanyň täze energetika bazarlarynyň, ulag-aragatnaşyk geçelgeleriniň, olaryň howpsuzlygynyň häzirki döwrüň şertlerine we talaplaryna laýyk gelýän täze ulgamyny döretmek meselelerine aýratyn üns berilmegi-de şol giň gerimli hyzmatdaşlygyň netijesidir.
Türkmenistan döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine ygrarly bolmagynda galýar hem-de bu gatnaşyklarda hemişe ygtybarly hyzmatdaş, açyk ýurt hökmünde tanalýar. Birek-birege düşünişmek, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uludyr. Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna dostlukly ýagdaýda pikir alyşmak, onuň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan wajyp ugurlaryny kesgitlemek üçin açyk dialog platformasy — deňhukukly gepleşikler meýdançasy hökmünde garaýar.
Gurban BEGALLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.