Dark
Light
26.12.2025
awaza kenar THE ASHGABAT TIMES

Hyzmatdaşlyk arkaly ählumumy ösüşe goşant

28.07.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyz sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda oňyn başlangyçlary öňe sürmek arkaly giň halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär. Şunda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga möhüm orun degişli bolup, şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi taryhy ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşlygy uzak möhletli häsiýete eýedir. Ol ýurdumyzyň oýlanyşykly saýlap alan ýoludyr» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ata Watanymyz Milletler Bileleşigi tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplady hem-de häzirki wagtda BMG-niň Merkezi Aziýa sebitindäki ygtybarly, uzak möhletleýin hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň hem hut biziň ýurdumyzda geçirilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyza taryhy dereje berýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler babatda her 10 ýyldan bir gezek guraýan maslahatlarynyň üçünjisi bolan Awaza forumy häzirki geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryň üýtgäp duran şertlerinde deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly anyk ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berer. Nobatdaky maslahat üçin saýlanyp alnan «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzuk hem onuň esasy mazmunyny özünde jemleýär.

Şeýlelikde, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmegiň, ony ählumumy bähbitlere laýyk gelýän täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar. Ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleri, döwletli başlangyçlary bilen ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Leýli MOMMYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

lldc3 app banner THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Awaza forumy internet giňişliginde

awaza forummm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ilerledip

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop