Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 4-nji iýulynda gol çeken Karary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda bu maslahaty guramagyň tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 13-nji iýulda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda-da oňa degişli meseleleriň we wezipeleriň tutuş toplumyna garaldy.
Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi öňde boljak maslahatyň esasy aýratynlygydyr. Şolaryň hatarynda mazmunlaýyn “tegelek stol” duşuşyklary, ýokary derejeli forumlar, gatnaşyjy ýurtlar, halkara guramalar we düzümler hem-de ýurdumyz tarapyndan geçiriljek ugurdaş çäreler bar. Mundan başga-da, ýörite sergiler, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri, milli tagamlaryň festiwaly, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti guralar. Daşary ýurtly myhmanlar halkymyzyň täsin taryhy-medeni mirasy, özboluşly däp-dessurlary bilen ýakyndan tanşyp bilerler. Maslahat bilen ugurdaşlykda geçiriljek giň gerimli çäreler döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, dostlukly gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berkidilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.
Myhmanlara Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynyň gözellikleri bilen tanyşmak mümkinçiligi hem dörediler. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy häzirki wagtda döwrebap düzümleri, baý sagaldyş kuwwatlyklaryny özünde jemleýän dünýä derejesindäki şypahana merkezine öwrüldi. Çuňňur oýlanyşykly binagärlik çözgütleri esasynda gurlan kaşaň myhmanhana toplumlary, beýleki durmuş maksatly desgalar, ýaşyl zolaklar we seýilgähler bu künjegiň tebigy gözellikleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Şunuň bilen birlikde, Awaza halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi derejesine eýe boldy. Bu ýerde ýokary derejeli duşuşyklardyr forumlary, beýleki dürli çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredilendir. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň awgustynda bu ýerde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatynyň guralandygyny bellemek gerek.
Nobatdaky maslahat bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara berilýän ählumumy goldawlary utgaşdyrmaga, özara bähbitli döwletara, sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşmaga ýardam berer.
Eziz EMINOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.