Dark
Light
27.12.2025
amerikan erigi THE ASHGABAT TIMES

Amerikan erigi barada bilýäňizmi?

15.09.2025

Amerikan mameýasy hemişe gök öwsüp oturýan agaçdyr. Onuň gelip çykan Watany Günorta Amerika hasaplanýar. Emma häzirki wagtda emeli usul arkaly bu agaç dünýäniň dürli sebitlerinde, şol sanda Demirgazyk Afrikada we Günorta-gündogar Aziýada giňden ýaýrandyr.

Agajyň boýunyň uzynlygy 18-21 metre deň bolýar. Onuň goýy ýaşyl reňkli ýapragynyň uzynlygy 20 santimetr, ini 10 santimetr töweregi bolýar. Onuň ak reňkli, ýakymly ysly gülleri bolýar. Onuň miwesi togalak bolup, diametri 20 santimetr, agramy 1,5 kilograma golaý bolýar. Onuň ýumşak gabygynyň galyňlygy 3 millimetre golaý bolup, açyk mele reňkli bolýar. Onuň mämişi reňkli şireli ýumşak etlek bölegi bolýar.

Amerikan mameýasynyň miwesiniň eti süýji we özboluşly  ýakymly ysly bolýar. Onuň ýumşak etlek bölegi ýeke bir iýmit üçin ulanylman, eýsem ondan mürepbe we dürli hili içgiler hem taýýarlanylýar. Amerikan mameýasynyň tagamy erigiňkä meňzeşligi we ilkinji gezek Amerikada duş gelnenligi üçin oňa başgaça “Amerikan erigi” diýilýär.

Onuň miwesi halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýar. Onuň tohumynyň insektisid häsiýeti bolýar. Onuň gury we ter ýapraklary ýanyklary bejermekde ulanylýar. Mameýa witaminlere we dürli minerallara baý bolýar. Onuň düzüminde saklanýan demir gany köpeldýär. Kalsiý süňkleriň berkemegine kömek edýär. Fosfor beloklaryň sintezine gatnaşýar. Bu miwäniň kaloriýalygy pes bolýar. Şol sebäpli bu miwe berhizliler üçin oňat önüm hasaplanýar.  

Jennet ALLAÝAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yaslar kitaply THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşýär

dunya turkmen 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop