“Apple” kompaniýasy täze iPhone 17 modelini, onuň has inçe görnüşi bolan iPhone 17 Air-i we has güýçli iPhone 17 Pro-ny resmi ýagdaýda köpçülige hödürledi. Täze önümleriň tanyşdyrylyşy kompaniýanyň sosial ulgamlarynda göni ýaýlym arkaly geçirildi.
Täze iPhone 17 modeli A19 çipi bilen enjamlaşdyryldy. Bu çip 6 ýadroly prosessor we 5 ýadroly grafiki blok bilen işleýär. Apple-yň berýän maglumatyna görä, täze model öňki görnüşinden 8 sagat uzyn iş wagty bilen tapawutlanýar. Qi2 simsiz zarýad beriş ulgamy batareýanyň tiz dolmagyny üpjün edýär. Ekran ölçegi 6,3 dýuým bolup, enjam gara, mämişi, gök, ýaşyl we ak reňklerde hödürlenýär.
iPhone 17 Air: Apple bu modeli “hasaplaýyş kuwwaty boýunça MacBook Pro bilen deňeşdirip bolýar” diýip häsiýetlendirdi. Air modeli has inçe korpus bilen tapawutlanýar.
iPhone 17 Pro: Pro modeli Air bilen deňeşdirilende bir ýadro has güýçli prosessor bilen üpjün edilen. Reňk görnüşleri: gök, çal we mämişi.
Apple Watch Series 11: Täze sagatlar örän inçe korpus bilen hödürlenýär we 5G tehnologiýasyny goldaýar. Şeýle hem ýaşyl,mämişi, gara we gök reňkli print bilen bezelen guşaklar bilen bilelikde hödürlenýär.
AirPods Pro 3: Täze AirPods Pro 3 enjamy häzirki wagt dil terjimesi we eşitmek üçin kömekçi funksiýalar bilen enjamlaşdyryldy. Şeýle hem ses izolýasiýa ulgamy täzelenip, has ýokary hilli ses tejribesini hödürleýär.