Dark
Light
27.12.2025
glawny THE ASHGABAT TIMES

Ýurdumyzda “Ak bugdaý” milli muzeýiniň döredilmeginiň 20 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellendi

10.09.2025

Türkmen halkynyň ekerançylyk medeniýetiniň taryhy köklerini şöhlelendirýän “Ak bugdaý” milli muzeýi döredilmeginiň 20 ýyllygyny belledi. Bu muzeý 2005-nji ýylyň 15-nji iýulynda açylyp, şu günki güne çenli ýurdumyzyň medeni mirasynyň möhüm bölegi hökmünde hyzmat edýär.

Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Änew şäherinde ýerleşýän bu muzeý dünýäde ak bugdaýyň taryhyna bagyşlanan ýeke-täk muzeý hökmünde tanalýar. Onuň eksponatlary adamzat durmuşynda bugdaýyň ýüze çykmagynyň taryhy, ilkinji ekerançylyk tejribeleri we häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary bilen baglanyşyklydyr.

Muzeý binasy 3 690 inedördül metr meýdany eýeleýär we beýikligi 21 metre ýetýär. Binanyň ýokarky bölegi bugdaý başlarynyň şekilindäki täç bilen bezelip, onuň binagärlik aýratynlygyny we tematik mazmunyny görkezýär.

Muzeýiň sergi bölümlerinde 3 000-den gowrak taryhy eksponat ýerleşdirilip, olaryň arasynda 1903–1904-nji ýyllarda amerikan alymy Rafael Pampelli tarapyndan gadymy Änewiň çäklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan 5 müň ýyllyk ak bugdaý däneleri aýratyn orun eýeleýär.

Şeýle hem b.e. öňki II–III müňýyllyklara degişli daşdan ýasalan däne üweýjiler, el degirmenleriniň daşlary, ýag çykaryjy enjamlar we ilkinji ekerançylaryň durmuşynda ulanylan beýleki enjamlar muzeýiň buýsanjy hökmünde sergilenýär.

20 ýylyň dowamynda “Ak bugdaý” muzeýi türkmen halkynyň ata-babalardan gelýän ekerançylyk däplerine ygrarlylygynyň nyşanyna öwrüldi. Türkmenistana gelýän daşary ýurtly myhmanlar bu muzeýi uly gyzyklanma bilen ziyaret edýärler. Olar Köpetdagyň eteklerinde ekerançylygyň dörän taryhy we onuň häzirki güne çenli geçiren ösüş ýoluny görkezýän täsin eksponatlar bilen tanyş bolýarlar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

6df786eae5f668fe9739b5260ea2dc0e THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Özbegistan 12 ýyllyk mekdep bilim ulgamyna geçmäge taýýarlyk görýär

garassyzlyk yaslar caga THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nesilleriň milli medeniýet mekdebi

Soňkylar Täzelikler

Ak Tam tarapyndan täze Jarnama çap edildi

17.12.2025
Ak Tam tarapyndan 2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek we amerikan jemgyýetini hem-de raýatlaryny goramak boýunça Prezidentiň tagallalaryny dowam
GitTop