22 960x642 1 THE ASHGABAT TIMES

Aşgabat – ösüşiň, parahatçylygyň we medeniýetiň merjen paýtagty

31.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabadyň keşbi diňe bir şäher gurluşygy bilen çäklenmän, halkymyzyň ruhy we medeni ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Gündizleri nur saçýan, gijeleri ýagtylyk bilen bezelen paýtagtymyz – Aşgabat, häzirki zaman binagärliginiň we ekologiýa abadançylygynyň sazlaşygyny özünde jemläp, dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde tanalýar.

Paýtagtymyzy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan oýlanyşykly maksatnamalaryň netijesinde, şäherde ak mermerli ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, sport toplumlary, oýun meýdançalary, söwda merkezleri, awtoduralgalar, ýaşyl zolaklar we medeni-dynç alyş merkezleri gurulýar. Bu gurluşyklar diňe bir şäheriň keşbini däl, eýsem halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň aýdyň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Aşgabat şäheri innowasion çözgütler bilen baýlaşdyrylýar. Paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýjylara oňaýly şertleri döretmek, şäheri gök zolaklara bürenmek we myhmanlary ýokary derejede kabul etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Her ýyl giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni bu ösüşleriň dabaralanmasy hökmünde halkymyzyň kalbynda aýratyn orun eýeleýär.

Aşgabat diňe bir paýtagt däl – ol Watanymyzyň ýüregi, döwletimiziň ykdysady, medeni we ruhy ösüşiniň merkezi. Bu şäherde gurlan her bir bina, her bir taslama ýurdumyzyň ösüş ýolundaky üstünlikleriniň şaýady bolup çykyş edýär. Aşgabadyň binagärlik gözelligi, döwrebap infrastruktura bilen utgaşyp, halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetiniň ýokary derejesini görkezýär.

Türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmek, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýtagtymyzyň mundan beýläk hem ösdürilmegine, onuň halkara derejesindäki innowasion şäher hökmünde tanalmagyna gönükdirýän tagallalary halkymyzyň buýsanjyna öwrülýär.

Goý, Aşgabat şäheri agzybirligiň, ösüşiň, parahatçylygyň, dostlugyň hem-de myhmansöýerligiň şäheri hökmünde mundan beýläk hem gülläp ösün! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Enejan MAHMEDOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
glawny 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Mukaddes Garaşsyzlyk we Hemişelik Bitaraplyk – türkmen halkynyň ruhy buýsanjy

italiya rim dususygy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Italiýanyň geografik we ykdysady aýratynlyklary

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop