Dark
Light
06.02.2026
glawny 2 THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk -belent buysanjymyz

27.10.2025

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi — halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň, ynsanperwer garaýyşlarynyň we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň dünýä derejesinde ykrar edilen beýik nusgasydyr. Bu taglymat ýaş türkmen döwletiniň ösüş ýolunda berk binýat bolup, halkara giňişliginde abraýly orny eýelemegine badalga berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyz ykdysadyýet, medeniýet, bilim, ylym we beýleki ugurlar boýunça çalt depginler bilen ösýär. Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugry Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ylalaşykly, deňhukukly we ynamly gatnaşyklary ösdürmegine giň mümkinçilik döredýär.

Geçmişe nazar salsaň, pederlerimiziň dünýä halklary bilen gatnaşyklarynda adalatlylyk, mertlik, ynsanperwerlik ýaly häsiýetleriň öňe çykandygyny görýäris. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz şol ruhy mirasa daýanyp, halkara gatnaşyklarynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ýoluny dowam etdirýär. Pederlerimiziň arzuw eden asuda we erkin ýaşaýyş nusgasy häzirki döwürde hakykata öwrüldi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen taryhy Rezolýusiýa bilen Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy. Bu karar dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda kabul edilip, ýurdumyzyň halkara hukuk derejesini berkidýän möhüm resminama hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyldy.

Bitaraplyk güni — Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş ýolundaky möhüm senedir. Bu baýram halkymyzyň parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygynyň nyşanydyr. Oňyn bitaraplyk syýasaty sebitde durnuklylygyň, halkara hyzmatdaşlygyň we ynanyşmagyň esasyny düzýär.

Aşgabat şäheri häzirki wagtda halkara parahatçylyk gepleşikleriniň we hyzmatdaşlyk forumlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çäginde ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň tarapdary hökmünde tanalýar. Türkmenistan daşary ýurt maýasyny, öňdebaryjy tehnologiýalary we tejribeleri öz ykdysadyýetine çekmek arkaly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrýar.

Laçyn MUHAMMEDOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk – şanymyz we mertebämiz

italiya 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan – Italiýa: netijeli gatnaşyklaryň täze sahypasy

Soňkylar Makalalar

Mekdep ylym ojagydyr

05.02.2026
Mekdep adamzat paýhasynyň kemala gelýän mukaddes ojagydyr. Şol sebäpli hem halkymyzda «Mekdep — ylym ojagy» diýen dana jümle döräpdir. Elbetde, ylym öwrenmek adamyň ömrüniň

Okuw sapaklarynda dostluk terbiýesi

04.02.2026
Bilim ojaklary diňe bir ylym berilýän ýer bolman, eýsem, ýaş nesliň ahlak sypatlarynyň, şol sanda dostluk we doganlyk duýgularynyň kemala gelýän mukaddes mekanydyr. Sapak

Iňlis dilinde sözleýşi ösdürmegiň ýollary

03.02.2026
«Iňlis dilini nädip öwrenip bolarka? Hiç başyna baryp bilemok» ýa-da «Iňlis dilini öwrenmegiň ýeňiljek usuly ýokmuka? Haýsy kitaby okasam, nähili tertipde taýýarlyk görsem, iňlis

Aladamyz körpe nesil

02.02.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.
GitTop