Halkyň hakydasynda köpasyrlyk tejribe, ýol-ýörelge jemlenendir. Halk hakydasy taryhyň gatlaryna siňen beýik ýeňişleriň, uly ösüşleriň, merdana pederlerimiziň gahrymançylygynyň hem şöhlelenmesidir. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Hatyra güni bellenilip geçilýär
Öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar eden ýertitremede wepat bolan watandaşlarymyz hakydalarda baky ýaşaýar. Şol aýylganç gijede döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapy kesildi. Sähel pursatda türkmen paýtagtyny weýran eden şol pajygaly gijede diri galanlar tutanýerliligiň, gaýduwsyzlygyň, synmaz erkiň belent nusgasyny görkezdiler.
Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat soňky ýyllarda dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, bagtyýar we abadan durmuşyň mekanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan şähergurluşyk maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň okgunly ösýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ösüşine we rowaçlygyna, halkymyzyň abadançylygyny, her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Gahrymançylykly ýollarda öz mertebesini, at-abraýyny, ar-namysyny jan aýaman goran gerjekleriň nesilleri bolan biz häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň guran ajaýyp zamanasynda bagtyýar ýaşaýarys. Goý, Watanymyzyň asudalygy, halkymyzyň azatlygy ugrunda wepat bolanlaryň hatyrasyna okalýan aýat-töwirler, berilýän sadakalar kabul bolsun!
Gözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.