merkezi az THE ASHGABAT TIMES

Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

10.10.2025

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini, çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, umumy abadançylygyň bähbidine parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge ägirt uly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy muny nobatdaky gezek tassyklady.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri hem gatnaşdylar. Sammitiň dowamynda döwlet Baştutanymyz çuňňur mazmunly çykyş edip, Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň döwlet Baştutanlarynyň şu gezekki ikinji duşuşygynyň geçirilmeginiň şeýle formatdaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasa geçýändigini görkezýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebit syýasatynyň okgunly ösýän we strategik ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Berk taryhy-medeni, ykdysady gatnaşyklara esaslanýan bu hyzmatdaşlyk syýasat, ykdysadyýet, energetika, ulag, ylym-bilim ýaly ulgamlary öz içine alýar. Milli bähbitlere, özara hormat goýmaga esaslanýan deňhukukly we ynanyşykly dialog hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny üpjün edýän esasy şert bolup çykyş edýär. «Merkezi Aziýa — Russiýa» formaty alty döwletiň tagallalaryny üstünlikli birleşdirmeginiň aýdyň mysalydyr. 2022-nji ýylda Astanada geçirilen birinji sammit bu dialogyň netijeli häsiýetini hem-de dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat edinýändigini tassyklady.

Türkmenistan altytaraplaýyn formatyň ösüşine saldamly goşant goşup, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2022-nji ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen berkidilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant hökmünde garalýar. Bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistana ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýär we giň halkara hyzmatdaşlyk üçin amatly geosyýasy hem-de geoykdysady şertleri döredýär.

Yslam GURBANMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz!

glawny THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Il saglygy — ýurt baýlygy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop