komyuter san THE ASHGABAT TIMES

Informatika sapagy we sanly tehnologiýalar

04.10.2025

Häzirki ajaýyp döwrümizde sanly ulgamdan peýdalanmaga giň mümkinçilik döredilýär, kompýuter tehnologiýasyny ösdürmek üçin netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ylym-bilimiň ösýän häzirki döwründe innowasion tehnologiýalara, sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalar dürli ugruň kämilligini, ösüşiň tizligini üpjün edýär.

Ýaş nesliň sanly tehnologiýalara düşünmekleri, esasan, orta mekdepden gözbaş alýar. Orta mekdeplerde informatika sapagy okadylýar we okuwçylaryň tehnologiýalara erk etmekleri üçin dürli mümkinçilikler döredilýär. Esasan hem, okuwçylaryň bu sapaga oňat düşünýändiklerini, bu ugurdan bilimleri gowy özleşdirýändiklerini aýratyn bellemegimiz gerek. Birinji synpda okuwçylara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler sowgat berilýär. Bu beýik işleriň netijesinde okuwçy ýokary synplarda geçilýän informatika sapagyna taýýarlykly barýar, kompýuter tehnologiýasy hakynda düşünjeleri baý bolýar. Şu nukdaýnazardan, informatika sapagy guramaçylykly, okuwçylaryň işjeň gatnaşmagy netijesinde geçirilýär.

Informatika sapagyny guramaçylykly geçirmekde orta mekdeplerde kompýuterleşdirilen synp otaglarynyň bardygyny hem bellemek gerek. Sapakda bu kompýuterlerden peýdalanmak we sapagyň geçilýän temasyny multimedia tagtasynda görkezmek ýerlikli bolýar. Orta mekdeplerde geçilýän informatika sapagynda logiki amallar, tekstde gözleg we çalşyrma amallaryny öwretmek has-da täsirlidir. Bu temalarda okuwçylar synp otagynyň kompýuterlerinden peýdalanýarlar, multimedia tagtasynda görkezilen amallary işläp görýärler. Geçilen temany dessin işläp görmek bilen, okuwçylar sapagy tiz özleşdirýärler.

Informatika sapagynda okuwçylar kompýuter tehnologiýasyny oňat özleşdirýärler, resminamalary döretmek, antiwiruslary işletmek we beýleki amallary öwrenýärler. Bu bolsa olarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaklary, bilimlerini kämilleşdirmekleri üçin örän zerurdyr. Häzirki ösen döwürde kompýuter tehnologiýasynyň tutýan orny uludyr. Sanly ulgamyň ösüşleri bu ugruň örän zerurdygyny, geljekde sanly ulgama uly ähmiýet beriljekdigini aňladýar. Sapagyň dowamynda bular barada düşündirmek bilen bir hatarda okuwçylaryň dünýägaraýşyny baýlaşdyrýaryn. Şeýle hem giňişleýin maglumatlar okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär.

Alijan HATAMOW,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň informatika mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bulutlar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Asmanyň görki – bulutlar

hatyra halk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkyň hakydasy – nesilleriň arabaglanyşygynyň binýady

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop