Edermen Watan goragçylaryny hem-de tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň möhüm bölegidir. Olary hormat-sarpa bilen ýatlamak ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde örän ähmiýetlidir. Türkmen halkyna mahsus ruhubelentligiň şol ýyllaryň kynçylyklaryny we ýitgileriniň yzasyny ýeňip geçmekde synmaz güýç bolandygyny bellemek gerek. Şoňa görä-de, ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra gününiň bellenilip geçilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar eden ýertitremede wepat bolan watandaşlarymyz hakydalarda baky ýaşaýar. Şol aýylganç gijede döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapy kesildi. Sähel pursatda türkmen paýtagtyny weýran eden şol pajygaly gijede diri galanlar tutanýerliligiň, gaýduwsyzlygyň, synmaz erkiň belent nusgasyny görkezdiler.
Türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky hakydanyň nyşany hökmünde «baky ot» ýanyp dur. Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, Watanymyza çäksiz söýginiň nusgasyny görkezdiler. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň, borja wepalylygyň nusgasydyr. Watanymyzy gorap, il-ýurduň azatlygy ugrunda janyny gurban eden merdana gerçeklerimiziň, milli gahrymanlarymyzyň aldym-berdimli söweşlerde görkezen edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, gahrymançylygy ata Watany, mähriban halkyňy söýmegiň, halkymyzyň erkinligini we azatlygyny gorap saklamagyň beýik mekdebidir.
Däp bolşy ýaly, Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, öten-geçenlerimizi, uruşda wepat bolan gahrymanlarymyzy, Aşgabat ýertitremesinde gurban bolan ildeşlerimizi hatyralap sadakalar berilýär we aýat-töwir edilýär. Öten-geçenlerimizi ýatlap berilýän sadakalar, edilýän doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Ogylbagt HOMMADOWA,
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň II derejeli taryh mugallymy.