Dark
Light
29.01.2026
tykva THE ASHGABAT TIMES

Saglykda kädiniň tutýan orny

13.10.2025

Ata Watanymyzyň bereketli topragy dermanlyk häsiýetli ösümliklere juda baý. Ýurdumyzyň ähli künjeginde ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleriň biri hem kädidir. Kädi bir ýyllyk ösümlik bolup, ol iýun-iýul aýlarynda gülleýär. Onuň miwesi awgust aýlarynda ýetişýär. Kädiniň watany Meksika, Demirgazyk we Günorta Amerika hasaplanýar.
Kädi aşgazan-içege sowuklamasyny bejermekde ýygy-ýygydan peýdalanylýan gök önüm.
Derde derman kädiniň çigitleri hem adam saglygyna örän peýdalydyr. Olar suwuk ýag kislotalaryna, ösümlik beloklaryna we E witamina baý hasaplanylýar. Kädiniň takmynan 20 görnüşi bolup, alymlar adamlaryň takmynan 5 müň ýyl ozal kädini ösdürip ýetişdirendigini belläp geçýärler. Kädiniň düzüminde saklanylýan şiresi kadaly we rahat uky üçin peýdalydyr. Kädiniň düzüminde demiriň köp mukdary bardyr. Gany azlykdan ejir çekýän adamlara kädi iýmeklik maslahat berilýär. Gaýnadylan ýa-da bişirilen kädini çaga iýmitinde giňden ulanylýar. Kädi düzüminde juda seýrek bolan T witaminini saklap, ganyň düzümini durnuklaşdyryp, dişleriň ganamagynyň öňüni alýar.
Gadymy zamanlarda bu önümden dürli dermanlyk serişdeleri taýýarlapdyrlar. Şeýle hem kädi Antarktidadan başga bütin dünýäde ösdürilip ýetişdirilýär.

Eziz ERNAZAROW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1111 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanly ulgamyň jemgyýete ornaşdyrylmagy

bilim okuwcs THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilim – kämilligiň gözbaşy

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Sport – Sagdynlygyň we Dostlugyň Belent Ganaty

26.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop