Dark
Light
26.12.2025
bitaraplyk taze sur 25 THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk – türkmeniň ruhy taglymy

22.11.2025

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de sebit, sebitara we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge öňdengörüjilikli çemeleşýändigini görkezip gelýär. Ýurdumyz dürli formatlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Goňşy döwletler bilen däp bolan gatnaşyklar muňa aýdyň mysaldyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döredijilikli strategiýanyň üstünlikli alnyp barylýandygyny äşgär edýär.

Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy we sebit meselelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň BMG tarapyndan goldanylmagy, hususan-da, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi öňde goýlan ählumumy maksatlara diňe bilelikde ýetip bolýar. Dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmekde ynamyň we özara hormatyň zerurdygy düşnüklidir. Döwletimiz diňe bir başlangyçlar bilen çykyş etmän, eýsem, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine hem işjeň gatnaşýar. Şunda Türkmenistan BMG-niň ýörelgelerini halkara gatnaşyklaryň hukuk we ahlak daýanjyna öwürmäge, YHG, ÝHHG, GDA, ŞHG ýaly halkara guramalaryň we beýleki düzümleriň ornuny, täsirlerini hem-de mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga çalyşýar.

«Bitaraplyk» diýen sözüň özi eýýäm halkara hukugyň belent ynsanperwer ýörelgelerini alamatlandyrýar, Goşulyşmazlyk Hereketiniň esaslanýan ideýalaryny we düzgünlerini şöhlelendirýär. Türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyllyk taryhynda parahatçylykly ösüşiň häzirki zaman nusgasy, ýagny halkara gatnaşyklarda täze syýasy-diplomatik mehanizm kemala geldi. Bitaraplyk syýasaty diňe bir Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrdy. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek üçin ygtybarly binýat boldy.

Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk we ösüş höküm sürsün! Dünýäde parahatçylyk taglymatyny wagyz edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumlary mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Oguljan KURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

y2crkcdiz26t6awu09n5ktmauwibmixku3erpsaevfgr10njletbq8ktr24v 820x720 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ulgam üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak üçin optiki süýüm tehnologiýalarynyň orny

sport umumy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop