Dark
Light
29.01.2026
arkadag kitaplary THE ASHGABAT TIMES

Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti

17.11.2025

Çagalyk döwri şahsyýetiň kemala gelýän döwrüdir. Okamak bolsa sagdyn şahsyýetiň kemala gelmegine ýardam edýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplary ýaş nesilleri terbiýemekde möhüm gollanmalar bolup hyzmat edýär.

Ýaş nesilleriň milli terbiýesini gazanmakda halk döredijiliginiň eserlerinden, türkmeniň döwletlilik ýörelgesinden, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden ugur alýarys. «Adamzadyň geljegi kitaby köp okaýanlaryň elinde bolar. Ylymly-bilimli ýaşlar bolup, ata Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir. Biziň geljegimiz ýaşlarymyz bilendir» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň eserleri häzirki zaman türkmen pedagogikasynyň aýrylmaz bölegidir. «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» ýaly kitaplar her bir türkmen ogul-gyzynda halkymyzyň naýbaşy häsiýetlerini terbiýelemekde tapylgysyz çelgidir.

Gahryman Arkadagymyz öz okyjylaryna ýüzlenip: «Kitaby okaýan mahalyňyz siziň bilen pikir alyşmaga jany-teni bilen höwesek, öz garaýyşlaryny paýlaşmaga döwtalap awtoryň hut ýanyňyzdadygyny duýuň! Men hut şol wagt ol ýerde bolmasamam,  siz  hakdaky  pikirlerim  bilen  siziň  her biriňiziň ýanyňyzdadyryn» diýýär. Okyjysyna — halkyna bolan mähribanlygyň esasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» ýaly kitaplary biziň her birimiziň esasy gollanmamyza öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan, köpýyllyk durmuş tejribesinden hem-de beýik Watan söýgüsinden dörän edebi, ylmy, ensiklopedik we filosofik kitaplarynyň her biri älemi ýagtyldýan ýyldyzlar mysaly, ýaş nesilleriň ýoluna şugla saçýar. Röwşen ýollardan barýan ýaşlar bolsa Watanyň ýagty geljegini gurujylardyr. Munuň özi millet üçin berkararlykdan nyşandyr. Ajaýyp zamanamyzda ak ýürekden zähmet çekip, bagtyýar çagalarymyzy döwrümize mynasyp şahsyýetler edip ýetişdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Aýbölek GURBANÝAZOWA,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Çary Gurbangylyjow adyndaky 19-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitara parahat 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz!

daskent forum THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Daşkent forumy: sebit dialogynda täze sahypa

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Sport – Sagdynlygyň we Dostlugyň Belent Ganaty

26.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop