Dünýäniň biodürlüligine aýratyn goşant goşýan jandarlar guşlardyr. Olar tebigatyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Örän köpdürli görnüşleri bilen tapawutlanýan guşlar biologiýa sapaklarynda hem öwrenilýär. Olaryň biologik gurluşy okuw maksatnamasynda berilýän temalarda özleşdirilýär. Umumybilim berýän okuw maksatnamalarynda bu hakyndaky temalar geçilende köpugurly esbaplardan peýdalanmak möhümdir. Çünki okuwçylara berilýän maglumatlaryň hili we mazmuny olaryň tiz we netijeli özleşdirmeklerine täsir edýär.
Degişli tema boýunça geçilýän sapaklarda guşlar barada goşmaça maglumatlary paýlaşmak maksadalaýykdyr. Şunuň bilen baglylykda, guşlaryň dünýäde 9 müňe golaý görnüşi bolup, olar pingwinler, düýeguşlar, tersaýakşekilliler, gaýbuşlukçylar, gotanşekilliler, leglekşekilliler, gyzylgazşekilliler, gazşekilliler, laçynşekilliler, towukşekilliler, durnaşekilliler, çulukşekilliler, kepderişekilliler, totuguşlar, ikatýokşekilliler, baýguşşekilliler, gündizkörşekilliler, atgarlawaçşekilliler, guş-syçanlar, trogonlar, gökgarlakşekilliler, doňuzguşşekilliler, serçeşekilliler ýaly toparlara bölünýärler. Olaryň köpüsi uçmaga uýgunlaşandyr.
Guşlaryň bedeniniň ýelek bilen örtülenligi, uçmaga ukyply bolýanlygy, bedeniniň gyzgynlygynyň hemişe bir derejede ýokary (37,80 — 45,50) bolýanlygy, ýüreginiň dört kameralydygy, ýumurtga (1-24 çenli) guzlap köpelýänligi, öň aýaklarynyň ganata öwrülendigi olaryň esasy aýratynlygydyr. Guşlaryň iri sütükleri (ganat, guýruk, örtük ýelekleri) we ýelekleri bolýar. Guşlar örän özüneçekiji, guwandyryjy, ruhuňy göterijidir. Olar oňurgaly haýwanlaryň arasynda has bezemenleridir. Ýakymly owazlary, görnüşleriniň dürlüligi we sany boýunça gury ýerde ýaşaýan haýwanlaryň olar bilen bäsleşip biljekleri ýok.
Guşlar ähli ýerde mekan tutýarlar. Olar iň işjeň hereket edip, älem giňişliginiň hemme ýerlerine aralaşýarlar we elmydama biz bilen ýanaşyk ýaşaýarlar. Tebigatda we adamyň ýaşaýşynda guşlaryň ähmiýeti köpdürli bolup, olar ösümlikleriň güllerini tozanlandyrýarlar, olaryň tohumlaryny ýaýradýarlar, mör-möjekleriň we gemrijileriň sanyny kadalaşdyrýarlar. Guşlaryň görnüşleriniň birtopary eldekileşdirilip, adam tarapyndan çig mal, iýmit çeşmesi hökmünde peýdalanylýar. Laçynlar we beýleki ýyrtyjy guşlar bolsa aw awlamakda hyzmat edýärler.
Ajaýyp zamanamyzda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge we zehinli okuwçylary kemala getirmäge döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys!
Jemal EREŞOWA,
Türkmengala etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň biologiýa mugallymy.