Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çärelere beslenip, parahatçylyk söýüjilik taglymaty, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek ugrundaky tagallalary dünýä ýaýýar. Türkmenistan BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen, Esasy Kanunymyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplyk derejesi esasynda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ösdürýär.
Türkmenistan döwletimiz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barmak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirip, wajyp başlangyçlary öňe sürýär. Şunda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Şoňa görä-de, ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumy bolsa halkara ähmiýetli esasy çäreleriň biri bolar. Häzirki wagtda halkara çäräni hem-de baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalar edilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň ähmiýeti ýyl-ýyldan artýar. Milli diplomatiýamyzda parahatçylykly hyzmatdaşlyga gönükdirilen syýasatyň esasy ýörelgelerini umumadamzat üçin strategik binýada öwürmekde taryhy işler alnyp barylýar. Bu bolsa 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň biragyzdan üç gezek kabul edilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmen halkynyň asyrlarboýy, hatda müňýyllyklaryň dowamynda özüniň gündelik ýaşaýyş-durmuşynda gyşarnyksyz eýerip gelen parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgesi bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň hem özenine öwrüldi. Munuň bilen hem çäklenmän, biziň eziz Diýarymyz beýleki döwletleri hem ynanyşmak ýoly bilen parahat ýaşaşmak syýasatyna eýermäge çagyrýar. Ýurdumyzyň bu çagyryşy halkara derejesinde giň goldaw tapýar.
Goý, mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Güljahan BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.