goni yaylymda e1638176788222 THE ASHGABAT TIMES

Sagdyn durmuş ýörelgeleri rowaçlanýar

25.11.2025

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen eziz Diýarymyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Hormatly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän sagdyn-durmuş ýörelgeleri barha rowaçlanyp, bedenterbiýe we sport uly meşhurlyga eýe bolýar.
Ýurdumyz Halkara Olimpiýa komitetiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň doly hukukly agzasy bolmak bilen, olimpiýa hereketini giňeltmäge hem-de wagyz etmäge ýardam edýär. Türkmenistan dünýäniň sport durmuşynda iri, şanly çäreleriň başyny başlamak hem-de geçirmek bilen, dünýä halklaryny we yklymlaryny ýakynlaşdyrýar.
Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek, şeýle hem bütindünýä olimpiýa hereketine goşulyşmak üçin Türkmenistan BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň sportda doping serişdelerini ulanmaklyga garşy göreşi boýunça Halkara Konwensiýasyny tassyklady, Olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşuldy.
Hazirki wagtda ýurdumyzyň ähli edaralarynda köpçülikleýin bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak üçin zerur şertleriň döredilmegi, sport toparlaryň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän dürli sport ýaryşlaryna gatnaşmagyna oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Beýik ösüşlere, uly üstünliklere beslenýän eziz Diýarymyzda ýurdumyzyň türgenleri halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler.
Ynsanyň ruhy onuň beden saglygy bilen berk baglydyr. Hut şol sebäpli hem, bedenterbiýe we sport jemgyýetiň umumy medeniýetiniň bir bölegi bolmak bilen, ol adam bedeniniň hemmetaraplaýyn dogry ösmegine ýardam edýän we ony has-da berkidýän täsirli ylym bolup jemgyýetimiziň durmuşynda zerur orny eýeleýär. Umuman, bedenterbiýe – munuň özi saglygyň gözbaşy. Şu nukdaýnazardan ugur alyp hem, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi giň gerime we uzakmöhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe bolýar. Bu kabul edilýän milli maksatnamalarda hem öz beýanyny tapýar.

Täzegül MUHAMMETGULYÝEWA

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
gazak bayd THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen-gazak gatnaşyklarynda täze sahypa

oma 3638 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Güýzüň soňky günleri (Amyderýa galereýasy)

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop