Dark
Light
28.01.2026
daskent forum s THE ASHGABAT TIMES

Sebit hyzmatdaşlygynda täze sahypa

18.11.2025

Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de işjeňleşdirmek häzirki günüň wajyp wezipesidir. Bu wezipäni üstünlikli çözmek bolsa, ilkinji nobatda, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly netijeli gurallary işläp taýýarlamagy we durmuşa ornaşdyrmagy talap edýär. Şu meselelerdir zerurlyklar dogrusynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda giňişleýin durlup, hususan-da, hormatly Prezidentimiz tarapyndan möhüm teklipler öňe sürüldi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2025-nji ýylyň 16-17-nji noýabrynda Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň sebit ýurtlarynyň Baştutanlarynyň nobatdaky ýokary derejeli duşuşygyna gabat gelmegi ony mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýar. Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň gün tertibi döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, şol sanda sebitde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary öz içine aldy.

Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen ugurdaş çäreleriň birnäçesi guraldy. Azerbaýjan Respublikasynyň hem ilkinji gezek şu formata doly hukukly agza hökmünde goşulyşmagy Daşkent duşuşygynyň esasy aýratynlygydyr. Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda türkmen halkynyň Milli Lideri hyzmatdaşlygyň şu formatyna Azerbaýjanyň goşulyşmagy bilen bagly başlangyjy öňe sürdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň 2026-njy ýylda täze — «Merkezi Aziýa we Azerbaýjan» formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekildi.

Ýeri gelende, özbek tarapynyň nobatdaky duşuşygy guramaçylykly geçirmek üçin ýokary derejede taýýarlyk görendigini nygtamak gerek. Özbegistanyň bu formatda başlyklyk etmeginiň çäklerinde özara gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna degişli iri çäreleriň 20-den gowragy geçirildi. Şu gezekki sammitde öňe sürlen başlangyçlar sebitiň döwletleriniň sazlaşykly we netijeli hyzmatdaşlygyna oňyn täsir eder.

Göwher SÖÝÜNMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yaslar haabr bas THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Zehinli ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy

yaslar ylym 780x470 bilim THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilim – täze açyşlara ruhlandyrýan güýç

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop