Dark
Light
28.01.2026
sport taz THE ASHGABAT TIMES

Sport – sagdynlygyň we ruhubelentligiň sakasy

19.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Çünki sport saglygy berkitmegiň, beden hem ruhy taýdan öz-özüňi kämilleşdirmegiň ýoludyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Degişli düzümler döwrebaplaşdyrylyp, halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk, sport maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň beden taýdan sagdynlygyny we sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, olaryň saglygyny berkitmek üçin ähli şertler döredilendir. 

Institutymyzyň okuw binasyna ýanaşyk gurlan häzirki zaman sport toplumy talyplaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna, dürli ugurdan sport ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde ýapyk sport zaly, türgenleşik zaly, küşt otaglary bar. Institutyň «Älem» talyplar sport kluby tarapyndan sport toplumynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän dürli sport bäsleşiklerine taýýarlanmak üçin zerur bolan türgenleşik işleri we ýaryşlar yzygider geçirilýär. Institutyň talyplary ýurt we halkara derejesindäki sport ýaryşlaryna hem işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.   

Ýurdumyzyň bedenterbiýe we sporty ösdürmek babatdaky oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň giň ykrarnamasyna eýe boldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň sporty ösdürmekdäki üstünlikleriniň halkara bileleşigiň ýokary bahasyna eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamyny barha kämilleşdirmek babatda ähli döwrebap şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Mirapguly ATANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafederasynyň mugallym-öwrenijisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tm ozbek THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Daşkent duşuşygy: dostluk, ynanyşmak, netijelilik

fut tay THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndy toparyndan üstün çykdy

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop